TÜRKMEN DÜŞÜNDIRIŞ SÖZLÜGY

a
b
ç
d
e
ä
f
g
h
i
j
ž
k
l
m
n
ň
o
ö
p
r
s
ş
t
u
ü
w
y
ý
z

U - u

   [u:ç] n. 1 • end of cloth, string. etiň ujundan from the end of the meat.

2 • point, edge.

1 • end. Daýanç bilen Guwanç hersi ýüpüň ujyny agaja daňyp hiňňildik etdiler. Ýumagy pişik oýnap çöşelänsoň ujyny ýitirdim. Atam ýetmişiň ujyndan gädip ugrady, ýöne şondada sport bilen türgenleşýardi. Nobata durmak üçin nobatyň ujyny soradym. Meniň saçymyň ujy gyrylansoň gyrkdym. Saçymyň örümi çöşülenmez ýaly ujyna lenta goşyp ördüm. Skotçyň ujyny aňsat tapar ýaly epläp goýaryn.

2 • point. Köýnegimi gasamda iňňäň ujy barmagyma çümdi. Serdar galama uç çykarmak üçin artyp başlady.

3 • tip. Gyzym burny uçlyja, oglymyňky bolsa jaýty burun. Balerinalar barmaklarynyň ujynda tans edýarler.

4 • top of one's head. Çagan baş ujyna ýoldaşlyk çörek goýdym.

5 • bottom of one's feet. Aýak ujyňa ýorgany goýdym, ýapynsaň.

el ujundan edilen iş   -. Nartajiň el ujyndan süpüren içersini soň gaýtadan ýeňňesi syryp süpürdi.

dil ujundan aýdylan söz   -. Begenç Aýgül bilen dil ujyndan gepleşip Aýgülüň göwinine degdi.

janyň ujy (örän ýeňil)   -. Agyr jynsy balak ýuganyňdan janyň ujy köýnek ýuganyň.

kelebiň ujuny ýitirmek (bulaşmak)   -. Meret durmuşda kelebiň ujyny ýitirip arakhor boldy.

ýeriň aňry ujy (gaty uzak)   -. Şirin Wepa bilen ýeriň aňry ujynada gitmage kaýyldy.

uçar   n. aeroplane, plane.

uçarmak   v. to fly.

uçarman   n. pilot.

uçgun   n. spark. Iki daşy biri birine kän sükeseň uçgyn suçraýar. Merdanyň ýokaryk zyňan demiri togyň symyna degip uçgyn suçarady. Ýyldyrym çakanda uçgun agaça düşüp, agaç ýanyp başlady.

uçmak   v. to fly.

1 • to fly. Arylar bir ýerlerden wazlaşyp uçyp geldiler. Guşjagaz uçmak isleýan ýaly ganatjyklaryny kakýardy. Ilkinji gozek maňa uçarda uçmak gorkyly boldy. Halyda uçmak ýa-da ädik geýip uçmak diňe ertekilerde bolýar. Oguz han oz ak atyny çaptyryp uçyp gitdi.

3 • to swing, to rock. Gurbanlykda hiňňillik uçmak - günäňi dökmek. Aglamaz ýaly Mähri sallançakda jigsini uçurdy, olam uklady. Yralýan oturguçda Gülşat uçmaga halaýar.

Usage: carousel, roller coaster, etc. 4 • to ride. Täze atraksion uçmak üçin joralar bilen seýil bagyna gitdik.

5 • to evaporate. Himiýa sapagynda mygallym opyt geçirip, reaksiýa bolanda, elementler uçup gidişini görkezdi. Ýagyş ýagandan soň, gün erbet gyzdyrsa suw bugaryp uçýar.

6 • to break off. Çaýnegiň jüründegi uçumaz ýaly sapy bilen jüründiginden berk tutup çaýkamaly.

gözüňden ~ (gözüňden ýitirmek)   to disappear. Asmanda görünin nämälim tarelka gözümizden uçdy. Seýil bagyna gidemizde birden oglym gözümden uçdy.

kelläňden ~ (ýadyňdan çykarmak)   to completely forget. Şu günki ýygnak meniň kellämden uçdy.

uçramak   v. to get, encounter, suffer, have to put up with. Men bir derde uçradym. Sen ýuka geýinseň, öýken keseline uçrarsyň. If you dress lightly, you will get pneumonia. Maşyny sürüp barýarkam, tigiri sypyp men howpa uçradym. While I was driving the car, the wheel slipped and it got quite dangerous. Dostlar bolup suwa düsüp durkalar Meýlisi ýylan çakyp bir bela uçrady.

uçurmak   v. to launch.

1 • to launch. Raketany uçurmak üçin starta goýup, ondan sanap başladylar.

2 • to release (birds). Seýil bagynda ýas juwanlar kepderi uçurdylar.

3 • to swing s.o., to push s.o. on the swings, to rock s.o. Mekan bizi Gurbanlykda hiňňilikde uçurdy. Gülşat, Şemşady sallançaga ýatypmak üçin uçurdym.

Usage: carousel, roller coaster, etc. 4 • to give s.o. a ride. Çagalary seýil bagyň atraksionynda uçurmak üçin pul toledim.

5 • to chip, to break the handle off something. Gorkyma elimdäki çäýnegi gaçyryp onuň gulpuny uçurdym. Çüýşaň aşzyny batly açamda, agzyny uçurdym. Agaç ussaň oňaryp duran dutaryndan agajyň ownyklary uçurmajak bolup haýaldan edýardi. Syrçaly bediräni gaçyryp, syrçasyny uçurdym.

başyňdan huşuny ~   to have one's head in the clouds. Ol gyzy görenimde, başymdan huşum uçdy. Mergeniň söýgüsi Jereniň baüyndan huüuny uçurdy, ol ne ejesine kömek etdi, ne sapaklaryny.

neşesini ~   to put s.o. in a bad mood. Oslagsyz tarryldy meniň bar neşämi uçurdy. Doglan günümde jigim göwnime degip bar neşämi uçurdy.

söz uçurmak   to fly off the handle, to speak without thinking. Diliňden oýlanman erbet söz uçurmak gelşiksiz bolar.

uçuş   n. the flight. Aşgabat säherinden Londona çenli bizin uçuş wagtymyz alty sagat otuz minut dowam etdi. Uçar uçuş meýdançasyna tarap sürüp ugrady. Sankt-Peterburg şäherine guş uçuş ýokarlykdan seretseň örän owadan. Bürgüdiň uçuşy çalt we owadan.

uçut   adj. steep, abrupt. Ýabany geçiň aýagy typyp uçut dagdan ýykyldy. Bu gaýa uçut bolanlygy sebäpli giňe ökde alpinistler dyrmyşyp bilýarler. Dagyň etegindäki ýol uçut bolanlygy sebapli biz awtobusdan düşüp ýoräp gitdik.

n. precipice.

uçyrmak   v. to fly (a plane), to release a bird to fly.

ugramak   v. to leave on a journey, to go.

1 • to go. Myhmanlar ugramakçy bolsalar toý serpaýyny beriň. Men çörek almak üçin çörek dukana ugraýynmy? Oglanlar balyk tutmak üçin köle tarap ugradylar.

2 • to leave. Mary - Aşgabat aralykdaky gatnaýan awtobus on minutdan ugraýar. Günörtanky yssa galmaňkak oýe ugramaly. Guşga tarap ugraýan otla zordan ýetişdim. Biz deňize iki hepdelik dynç almak üçin ýene iki günden ugrarys. Men ugraýyn, sagat ikide ýygnagym bar.

ugratmak   v. 1 • to see someone off, to send off, to say goodbye. Meniň maşynym bolsa, men sizi aeroportan çenli ugradip bilerdim. If I had a car I could see you off at the airport. Men günde irden ýoldaşymy işe öpüp ugratýaryn. Konsertden soň sazandany sahnadan şowhynly el çarpma bilen ugratdylar.

Usage: not musically 2 • to accompany. Konsertden soň Pälwan Leýlini öýüne ugratdy. Çagalarymy günde mekdebe çenli ugratýaryn.

3 • to send. Meniň ugradan hatym bir hepdäň içinde barypdyr. Joram ejesine ýazan hatynda menem ejesine salam ugratdym.

ugrukmak   v. 1 • to move towards, to move in the direction of. Awçy tokaýa tarap ugrukdy. Maşyn günorta ugrukdy. Balyk gowy tutulmanson, balykçylar derýan başka tarapyna ugrukdylar.

2 • to improve. Indi elim tikine ugrugansoň başka gyz gelinleriň köýmeklerinem tikýarin. Birinji synpda okaýan Mekanyň hatlary entegem ugruganok. Söwdam ugrukmansoň, indi başka işe başlaýmasam.

ugruna    See: ugur.

adv. 1 • 

2 •  ugruna kowmak

post. Mekdep okuwçylar ýolyň agruna agaç nahallaryny ekdiler. The school children planted trees along the road. Agaçdan gaçan ýapraklar şemalyň ugruna uçýardylar. leaves blown 'in the direction of' the wind, or perhaps 'along with' the wind. Biz suwyň ugruna ýüzüp gitdik. with the current. Çagalar maşynlaryň geçýan ýolynyň ugrunda oýnaýardylar. on the street. Köýnegimi öz ugruna ütükleşdirdim. direction (but adv?) Goşlaryňy düwüpsiň ugur niräk? where, where to. Çagaň ugruny tapyp bilňokmy, aglagyp dursyň? ?to go towards.

n. Barýan ugruňy üýtgedip bilmersiňmi? route?, direction? Şemal öz ugruny her minutda ütgetardi. The wind changed direction every minute. Biziň ýolymyz ugur, bile gidibereli. in the same direction. Et dukan haýsy ugurda ýerleşýar? in which direction. Sazyň ugruny üýtgedip, başkaça saz düzäýdik. Taýynlaýan çykyşymyzyň ugruny üýtgetdik. way (abstract sense, as in method). Köp ene-ata çagalaryny dogry terbeýelemän ugruna göýberýarler. let kids have their own way / go their own way. Men şu otlardan derman taýynlamaň ugruny owrenýarin. way, method. Kyn meseläniň çözmeli ugruny tapmak üçin mugallyma ýüz tutdyk. a way out. Mähri tikinçilik ugurdan ökde. field.

ugur   post. 1 • direction, towards, in the direction of, by, at the side (of). ýolyň ugry the roadside. ýolyň ugrunda by the road.

2 • field. ol bu ugurdan uly spesialist s/he's a key specialist in this field.

1 • direction, course. Ugur nirä? Which way are you going? bellenen ugur route.

2 • way, means, method.

3 • field, area, realm. Ol bu ugurdan uly spesialist. She's a key specialist in this field.

4 • health, physical condition.

Usage: e.g. intellectual 5 • trend, tendency.

6 • public, society.

by, at, at the side of.

n. side, verge. ýolyň ugry the verge of the road. ýolyň ugrunda on the verge of the road.

ugry ýok   a) bad b) inaccurate.

~ tapmak   to find a way out of a situation.

~ almak   a) to act according to b) to turn out well.

~ kowmak   to agree to.

~ çykmak   a) to care about b) to go to do.

~ haýyr bola!   a) All the best! b) Where are you going?

1 •  ýolyň ugry ýeliň ugry

2 •  ~ nirä? Haýsy ugra gitmeli?

3 •  Onuň bilen güleşmegiň ugruny tapmaly. Sen bu işiň ugruny bilýäň.

4 •  Ol size haýsy ~dan garyndaş? Ol biziň daýy ugrumyzdan bolmaly.

5 •  Ol bu ugurdan uly spesialist. Ol din ugrundan alym.

6 •  sungatda realistik ~ abstraksionizm ugry

7 •  Onuň aýdýanlarynyň ugry bar. Onuň gepiniň ugry ýok.

~ almak   -. Biziň işimiz ~ alyp başlady.

~ haýyr bola!   -. Ýoluňyz rowaç bolsun!

ugry ýok   -. Ol syrkawyň ugry ýok.

ugruňy ýitirmek   -.

ugursyz   1 • adj. Çaryň doganlary onuň ugursyz oglandygy, köp arak içýandigine namys ederdiler. Gyz çaga kiçiliginden ogurlyk etse soňynda ugursyz aýal bolup ýetişýar. Biziň öňki alan sygyrymyz ugursyzdy, süsýardi. Ugursyz otlary köki bilen goparmasaň olar mellegi tutýarlar. Şiriniň täze alan matasy ugursyzken şondan tikinen köýnegi tikininden süzüldi. Aklowjy ugursyz delil geçenligi üçin kazy şol meseleden täze soraglar berdi. Maralda ugursyz gylyk häsýet kändi şolaň birisem gabanjaňlykdy.

2 • adv. Kärhanaň ýolbaşçysy öz işgärlerine gaharlanyp ugursyz gepleşdi. Batyr ugursyz görýanligi sebpli doskadaky ýozylan zatlary okap bilenokdy. Leýli ýarawsyzlygy sebäpli ugursyz okaýardy, ikilik bahany alýardy. Awçylar şu gün ugursyz awladylar, sebäbi erbet şemal päsgel berdi.

ugurtapyjy   adj. guide, route-finder. Serdar öz dostlarynyň arasynda ugurtapyjylygy bilen tanalýardy. Ugurtapyjy belgi goýyşdyryp oglanlar tokaýda öz oýunlaryna başladylar. Ýol gurlyşygy başlanandan soň sürüjilere ugurtapyjy belgiler goýdylar.

ujypsyz   [ujy:psyz] adj. 1 •  Usage: inanimate Meniň ujypsyz aýlygym diňe iýmitimize ýetýär. Şu gün kitap okap içerde ujypsyz iş edildi. Biz muzeýda mikroskopyň aşagynda ujypsyzja kebelek gördük.

2 •  ~ iş üçin dawalaşmak ~ zat üçin adamyň göwnüne degme

uk   n. sleep.

uklamak   [u:klamak] v. to sleep. Garry adamlara uklamak kyn. Myhmanhanada men arkaýyn uklap ýatyp bilemok.

uklap galmak    Ogluma kitaby okap gutarýançam uklap galdy. Merdan dostynyňka oturmaga baranda, işden ýadaw bolup uklap galdy. Sagadymyň batareýi çoküp, irden uklap galypdyrn, şol sebäpli ýigrimi minutlyk işe gijä galdym.

uklap oturmak    Serdar çeper film görip oturan ýerinde bir irkilip, bir oýanyp uklap otyrdy.

piliň gulagynda ~   to be in the dark, to be unaware. Nabat piliň gulagynda uklan ýaly ol klasdaky boljak konsertden bihabardy.

ukol   n. injection, innoculation. See: sanjym.

uky   [u:ky] n. sleep. Uky, iýmit bilen suw adama birinji gerekli zatlar. Gazetde bir adamyň 10 ýyldan soň letargik ukydan oýanandygyny çap etdiler.

uka gitmek   to go to sleep (under the influence of gas or drugs). Hassa operasiýadan öň narkoz edenlerinden soň derrew uka gitdi. Aýylar gyşda üç aýlyk penjesini agyzlaryna salyp uka gidýarler. Ýaňy uka gidip ugramda tiskinip turdym. uka batmak Aýjeren jigsini elinde uransoň uka batdy.

ukydan oýanmak   to wake up. Ilki günler sagat bilen ýedide ukudan oýanamsoň indi endik bolup ozimem turýaryn. ukydan goýmak Sen meni bolgysyz gepläp ukydan goýdyň.

süýji ukyda   in a deep sleep. Meýlis salnançakda süýji ukyda ýatyrdy. ukydan ýaňa Ukydan ýaňa zordan açylýan gözlerini owkalap Mähri düşegine geçdi. ukydan ganmak Jeren ukysyndan ganyp turdy.

uky gelse   to want to sleep. Ukym gelsede öý işi sapaklarymy dynýançam ýatmadym.

ukydan oýarmak   to wake someone up. Bäbek gije aglap ejesini ukydan oýardy. baky uka gitmek Ýarawsyz ýatan kakam dogan garyndaşlary bilen hoşlaşyp baky uka gitdi. See: uk.

ukudan goýmak   

baky uka gitmek (ölmek)   

ukyp   [uky:p] n. gift, talent, aptitude. Sende ~ bar. Usage: finances

ilatyň satyn alyjylyk ukyby    Nurmyratda saza ukyp bar, sazçylyk mekdebiniň ýaryşynda ýedi ýaşynda birinji ýeri eýeledi. Sende sporta ukyp bar, ýone sen ýaltaçylyk edip türgenleşeňok. Türkmen-türk mekdebine girmek üçin seniň bolan ukybyňy barlaýarlar.

ilatyň satyn alyjylyk ukyby    Ilatyň satyn alyjylyk ukyby pes bolanlygy sebapli uny bazarda satman dukanlarda hökümet bahadan arzan satýarlar.

ukyply   [uky:ply] adj. gifted, talented.

Usage: acquired1 •  Bilbil aýdym-saza ukyply bolup, medeniýet institutyna okuwa girdi. Döwlet kiçilikden köp kitap okap ukyply bolup etişdi.

Usage: inherent2 •  Döwran Hudaý tarapdan ukyply oglan. Gurt Çary öz ukyplylygy bilen hemde köp sazlaň üstünde işläp aýdym aýdyp at gazanan bagşysy boldy.

ulag   n. transport. Şäherden daşyrak ýaşamsoň işe gabat gelen ulagda gidýarin.

ulalmak   v. 1 • to grow, grow up.

2 • to increase.

1 • to grow. Gullugymy dynyp gelýançam oýmizde bar zat üýdkäpdir hatda meniň edip giden tut nahallanym ulalypdyr. Oglum bolanda eken gülüm, indi ulalyp bag ýaly boldy.

2 • to grow up. Men özüm ulalsamam, ýüregim entegem çagaňky. Çagalar ulalçada ene-atasyna üçin olar entegem kiçijik çaga ýaly. Men mamam bilen babamyň elinde ulaldym.

3 • to increase. Ilki baslan günüm bilen deňeşdireninde söwdam ulaldy. Näzik iş wezipesinde baş hasapçy bolup ulalypdyr.

Usage: negative 4 • to become proud. Ol wezepe alyp ulalypdyr. Belgi täze maşyn alany bäri ulalypdyr.

ulaltmak   v. to increase.

1 • to enlarge, to expand, to add on to. Çary aga ekin meýdanyny ulaltmak üçin daýhan birleşiginden goşmaça ýer aldy. Bize myhman gelse biz stolymyzy ulaldýarys. Jaýymyzy ulaldyp gurmak üçin kän pul gerek. Söwda dukanymy ulaltmak üçin bankdan karz pul aldym.

2 • to grow, to raise. Güllerimi ulaltmak üçin men mineral dökünlerini ýerine goşýan. Kiçi guzulary tiz we sagdyn ulaltmak üçin ene süýdinden doýyrmaly. Ýalňyz enä iki çagany ulaltmak kyn.

Usage: at work 3 • to be given a raise. Işgär öz isini ökde alyp barsa wezipesini ulaltýarlar.

sözi ~   to exaggerate. Mugallyma okuwçylar bolan dawany sözme söz ulaltman aýtdylar.

ulama   [ulama:] n. Usage: religious ulama. Muslim scholars and ...

ulanmak   v. to use. Maral meniň beren eginbaşlarymy ulanýar. Täze alan kompýuterimizi ulanmak üçin täze hünärment işe kabul etdik. Mugallymdan ulanmak üçin täze kitap aldym.

ulanylmak   v. be used.

Usage: objects, methods 1 • to be used. Meniň satyn alan tikin maşynym ulanylmak üçin aňsat. Ulanylmak üçin mekdep okuwçylaryna täze kompýüterler getirildi. Mekdebe ulanylmak üçin täze metodika girizildi. Maýonezden boşan bankalary soň ulanylmak üçin goýarlar.

Usage: rules, instructions, recipies, signs 2 • to be followed. Birinji gezek köke bişireňde reseptini ulanmaly. Maşyn süreňde ýol kadalaryny ulanmasaň tertip düzgüni bozýaň. Uly muzeýlarda çykalga tapmak üçin belikler ulanylmaly.

ulanylmaýan mümkinçilikleri   resources.

?. used, second-hand. Meniň pulum täze maşyna ýetmänsoň ulanylan maşyn almaly boldum.

ulaşmak   v. to happen, provide with, busy with.

1 • to become, to turn into. Dagyň başy asmana ulaşýar. Biziň obamyz on ýyl myndan ozal şahere ulaşdy, on mün adam sanymyz ýigrimi bäş müň boldy. Kiçiräk niýetlän doglan günüm uly toýa ulaşdy.

2 • to make trouble for oneself, to be asking for trouble. Nätanyş adamlar bilen iş salyşyp bir bela ulaşaýma. Bepa tiz baýajak bolup jenaýat işine ulaşdy.

3 • to be chronically ill, to be terminally ill. Mamam süýjülik keseline ulaşyp, uzak wagtlap ýaraman ýatdy. Meniň daýym rak keseline ulaşyp, ýone operasiýa etmeli däl sebäpli ýogaldy. Men artrit keseline ulaşdym, lukmanam şol keselden doly gutulma ýok diýdi, ýone wagtlaýyn bejergi.

4 •  Mähriň döredijilik joşguny uly poeziýa ulaşdy. Magtymguly Pyragyň durmuşy we döredijilikleri türkmen iliniň taryhyna ulaşdy.

ulgam   n. system ?? gum ~lary

ulgam-ulgam   hilly. ~ baýyrlar hills.

ullakan   [ullaka:n] adv. huge, massive.

1 • large. Täze aý doganda kiçijek, ýone 3 hepdeden soň ullakan aý bolýar. Merdan bilen Aýgüliň toýlarynda klasdaşlary ullakan tort sowgat etdiler. Nökeriň gozleri ullakan hem owadan. Professional basketbolistleriň boýy ullak, ýone gimnastikalaryň boýy bolsa kiçijek.

2 •  Türkmenistan Bitaraplygyny alanyndan soň Türkmenistan Kanunlaryna ullakan üýtgeşmeler girizildi. Türkmenistan Bitaraplygyny alany bäri ullakan özgerişlikleri geçirdi. Nartäç daýzaň ogly Mekanam ullakan oglan bolypdyr. Sirinem okuwa ukyply bolup indi ullakan alym boldy.

adv. 1 •  ~ özgerişlik ~ tapawut

2 •  ~ alym Biziň öňümizde ~ sorag keserip durýar.

ulug   n. Usage: literary comrades, good companions. ~ kişi

ululyk   n. 1 •  Asmandan nämälim ululyk, astronomiýa şary gaçdy, onuň diametri 30 metre barabar.

Usage: mathematics2 •  Matematika sapagynda mygallym "hemişelik ululyk" temasyny geçdi.

adj. Eýfelew binasynyň ululgyndan paraşutistler bökdiler.

ulumsy   adj. arrogant, conceited, proud. Jeren öz ulymsy häsiýeti bilen bar joralaryny ýitirdi. Ulymsy adamlar bilen gepleşeňde öziňi hiç kim ýaly duýarsyň.

ulumsylyk   n. arrogance. Kakasynyň pulyna buýsanyp ulumsylyk edip Mekan hiç haçan hakyky dostlygyň nämedigini bilmedi.

ulus   n. the people, nation. Şöhrat olimpiadada birinji ýeri eýeländigine begenip ulus ili bilen gygyrdy. Mähri ejesi ýogalanda ulus ili bilen aglady.

uly   adj. 1 • large, big, considerable.

2 • older.

2 • important.

3 • many.

1 •  Serdar öz jigsi watandan dört ýaş uly.

2 •  Kaspiý deňizi 371000 kw. km. bolup Aral deňizinden uly, Aral deňizi 31000 kw. km. London şäheri Oksford şäherinden uly. Gang derýasy Hindistanyn uly hem keramatly derýasy hasaplanýar.

3 •  Biz obadan şähere gitmek üçin uly ýola çykmaly bolýarys. Futbol meýdançasy tennis maýdançadan uly. Kitaplar polkaň üstünde uludan kiça boýly boýyna tertipde dur.

4 •  Myhman ataňdan uly. nakyl Şaheriň uly baýramçylygyna başga ýurtlardan uly myhmanlar geldi.

5 •  Türkmenistan Garaşsyzlyk aýynyň 27-ne uly toý tutýar. Mugallym uly çaregi tamamlandyklaryny okuwçylara aýtdy.

6 •  Uly ýel gara bulutlary getirip erbet ýagyş ýagdy.

7 •  Boksör Muhammet Ali öz kärdeşleriniň arasynda uly abraýda. Şelim öz klasdaşlanynyň arasynda okuwyna ukyply we tertipli bolany üçün uly abraýda.

8 •  Meniň bar eden uly arzuwlarym puç boldy.

ulyrak   adj. bigger, quite large. Şemşadyň boýy meniňkiden ulyrak diýmeseň, ýöne ýaşy kiçi. Ejem boýyň entek ösýar diýip maňa ulyrak bolýan köýnek alypdyr. Şu şem ulanmaga ulyrak diýmeseň, kiçisi welin owadan. Eliňdäki torba ulyrak diýmeseň, ýöne kiçi torbaň berkdir.

umma   [umma:] far away, ?distant.

adv. Mekanyň menden alan puly ummadan çykdy. Döwran mugallymyň okan kitaplary ummadan çykdy.

adj. Asman ummasyndan gara bulutlar gelýardi. Çöl ummadyndan şagallaryň sesi gelýardi. E-hat üsti bilen biz giden ummadaky adamlar bilen habarlaşyp bilýaris.

umman   [umma:n] n. ocean. düýpsüz ~ Umman derýa (Hindi okeany)

ummasyz   [umma:syz] adj. 1 • endless, limitless. Türkmenistanyň ýerasty baýlyklary ummasyz. Ummasyz ýyldyzlar patrak ýaly peträp durdylar.

2 • very much, a lot of. Karl Marks adyndaky kitaphanada ummasyz kitaplar ýerleşýar. Bal arylaryň bir maşgalasynda ummasyz arylar bar. Şäheri özgerdip beýik binalar galdyrmak üçin ummasyz pul harçlanýar.

umuman   [umu:man] conj. generally.

1 • in general, generally speaking. Umuman men pişiklerden itleri has halaýan. Umuman men tikinçilik işi edesim gelenok, meniň kärim başka urdan. Umuman men özümi ýaramaz duýaryn.

2 • on the whole, in all. Sen umuman sol kärhanada näçe sagt işlediň? Umuman aýdamda men şu gün esli iş edipdirn.

3 • usually. Maralyň öýe näçä geljegini bilämok, umuman gelýan wagty sagat ýedilerde.

4 • around, approximately. Men umuman doglan günüme ýigrimi bäş adama çagyrandyrn.

umumy   [umu:my] adj. common, general, whole. Liseýiň umumy tertibini bozandyklary üçin Meredow bilen Batyrowa berk käýenç berdiler. Ýylyň başynda mekdebiň hemme klaslary ýygnanşyp umumy ýygnagyny geçirdi. Mekdep direktory her klasyň umumy okuwçy sanyny barlady.

umumylaşdyrmak   [umu:mylaşdyrmak] v. to summarise / summarize.

1 •  Praktiki tejribäni umumylaşdyrmak üçin talyplary hassahana ugratdylar. Geçirilen tejribeleriň netijelerini umumylaşdyrmak üçin mugallym leksiýa geçirdi. Geçen temany umumylaşdyrmak üçin şu günki sapakda mugallym ýenede öňki temadan sorag berdi. Mugallym okuwça okap gutarlan tema boýunça romany umumylaşdyrmagyny sorady.

2 •  önümçiligi ~ hususy eýeçiligi ~

umumylyk   [umu:mylyk] n. commonality, (things) in common, (things) held in general. Gürrüňdeşiň bilen hiç hili umumylyk ýok bolsa gürrüň alyp barmak kyn. Joram Ýaponiýada ýaşasada bizde umumylyk kän, ikimizem sungaty, sazy hem saz gural pianinony söýaris. Olimpiada geçirlende hemme ýurtlar birigip umumylygy baýramçylyk edip belleýarler.

umyt   [umy:t] n. hope.

~ etmek   to hope. Men sizi ýene-de görerin diýip umyt edýarin. Basym kakam uruşdan geler diýip Söhbet umyt edip garaşýardy.

~ baglamak (bir zada ynam bilen garaşmak)    Atamyrat gullugyny sag-aman dynyp geler diýip ejesi umyt baglap garaşdy.

umydyňy üzmek    Ýoldaşyna umydyny üzmän garaşyp, ýolyna seredip otyrdy.

~dan gaçmak   to lose hope. Ikinji gezek ýokary okuw jaýyna geçip bilman Merjen umytdan gaçyp aglady.

~ baglamak   to pin one's hope on.

Usage: male name 2 • n. Hope.

umytsyzlyk   [umy:tsyzlyk] n. hopelessness. Gozel durmuşda kelebiň ujyny ýitirip umytsyzlyk bilen ýaşaýardy.

un   [u:n] n. flour. Bugdaý undan bişirlen köke-çörekler tagamly bolýar.

unamak   [u:namak] v. to approve, to agree. Mugallym okuwçyň beren jogabyny unady. Seniň mekdepden jogapsyz gaýdanyňy men unap biljek däl. Ýaşulylar maslahatynda goýylan teklipleri bar ýaşulylar unadylar. Toý maslahatynda kakam biziň etmeli işlerimizi unady.

unaş   [u:naş] n. unash. a thick soup containing pasta (US noodles), black-eyed peas, and (usually) chilli.

uniwersitet   [uniwersi'tet] n. university.

unudylmak   v. to be forgotten. Ikinji Jahan uruşy hiç wagt unudylmaz.

unutmak   v. to forget. Dukandan almaly zatlaryňy unutmaz ýaly kagyza belläý.

ura   [ura:] interj. hurrah! ~ diýip gygyrmak

urgan   n. rope.

urgy   n. 1 • blow, hit. Bokser bir urgyda garşydaşyny ýatyrdy. Maşyn ýoldan çykyp tile baryp degen urgy aýnasyny kül pahş etdi. Hokeýist klüşka bilen eden urgysy şaýbany meýdançaň başka tarapyna gidirdi.

2 • heartbeat. Hassaň ýanynda duran apparatyň manitorynda ýuregiň urgysy görkezýardi. Koordiolog hassaň puls urgusyny oli bilen diňledi. duşmanyň urgusyna döz gelmek

urkaçy   adj. female (animal). Çopan urkaçy malyny bir gapdala erkek malyny bir gapdala sürdürdi. Akguş urkaçy it bolsada Garagözi eňdi.

urmak   v. to hit, beat, flog, thump. Çemen Kuwwaty urardy, ol aglar oturardy. When Shemen hit Kuwat, he used to cry. ýumruk bilen ~ to thump (something or someone).

1 • to hit. Goňşymyň bet iti üçtüme topylansoň taýak bilen urdum. Ýumruklap urmajak bolup, dulugna bir şarpyk çaldy.

2 • to pound. Gaharyna stoly urup, üstündäki suwly grafini dügdi. Kakmaç bişirmek üçin ilki eti pyçak bilen urmaly. Ýagyp başlan ýagyş aýna urýardy. Oglym pianinianyň klawişalarynda çalman barmaklaty bilen urýardy.

3 • to thump. Güjük eýesiniň ýüzüne seredip, guýrujagy bilen ýere urýardy.

4 • to strike, to hit. Nebit gaz burow ekspedisiýasy burow geçiren ýerinden nebit urdy. Merdan awda bir atanda iki ördegi urup aldy. Sagadyň on iki gezek urmagy bilen Täze Ýylyň birinji güni başlanýar.

5 • to slam. Okap otyran kitabynyň manysyna gahary gelip urup ýapdy. Oglan gaharyna gapyny urup çykyp gitdi.

6 • to beat, to flog. Öňki döwürde gul aýdylan zatlary ters etse gamçy bilen urýardylar.

7 • to electrocute. Öl eliň bilen çyrany ýakmaly däl, tok urýar.

8 • ? Fontan urdy. Dagyň eteginden täze çeşme urdy.

9 • to thrust oneself. Ol özüni sowuk suwa urdy. Ol özüni tokaýa urdy. Ol gaharyna özini niräk urjagyny bilmedi.

10 • to load. Düýelere ýük urup kerwen öz ýolyna düşdi. Wagona ýük urmak üçin ilki maňa rugsat hatyňy görkez.

11 • to rob. Janaýatçylar gije öý urmak üçin penjireden girdiler.

agyz ~ (dişlemek)   to bite. Merdanyň aýagyndan it agyz urup ol hassahana düşdi.

azm ~ (haýbat atmak)   to shout at, to threaten. Maňa azm urup, meniň göwnüme degjek bolma. Maňa azm urup, karzyňy bermeseň maşynyňy aljak diýdiler.

sowuk ~   to be frostbit (people and plants). Biziň mellegimizdäki kelemleri sowuk urupdyr.

ýama ~ (ýamamak)   to patch. Jynsy balagym ýyrtylansoň ýama urup geýdim.

nyşanadan urdy   to hit the bull's eye (lit. and fig.)

hars ~ (aşa köp işlemek)    Şu gün biz mellekde hars urup işledik, mellegi agdardygam, hyýar bilen pomidor üçin joýa gazdyk.

Hudaý ursun! (şert etmek)    Hudaý ursyn meni, men şol tigirçegi ogyrlan bolsam.

özüňi oda ~ (özüňi kyn ýagdaýa salmak)    Özüňi oda salma bilmedik isiňi etjek bolup.

urup aglamak (özüň ýamanlyk edip,ýene özüňi ejiz görkezmek)    Özünä bir dukanda söwda edýäň, ýene pulym ýok diýip urup aglaýaňmy?

urup açmak   to break open. Gapyny urup açdymy, depip açdymy, ýöne gulpy dügüpdir.

kök urmak   to develop roots. Täze ekilen gül kök urupdyr.

reňk urmak   to repaint, to paint over. Öňki ak maşynyma gök reňk urdym.

urp   

urşujy   n. soldier, warrior, fighter.

ur-tut   ['ur-tut] adv. right away. Duýdansyz myhman gelensoň ur-tut nahar taýynlamaga başladym. Gyzym barmagyny kesdirensoň ur-tut daňyşdyrdym. Aýagymyň damary çekenşoň ur-tut ýerimden galdym.

urug   [uru:g] n. clan. everyone in the same urug has one identifiable common ancestor.

urulmak   v. to be hit, be beaten.

1 •  Jenaýatçy urulmajak bolyp kimden we haçan zatlary alanyňy sülça aýtdy. Günäsiz urulmak Berdiň namysyna agyr degdi.

2 • 

3 •  Başka şähere göçemizde öý goşlarymyz uly maşyna uruldy.

4 • to be struck. Gije on ikide on iki gezek sagat urulanda Zoluşkaň bar jadysy açylýar.

urunmak   v. to squirm, wriggle, tremble, quiver.

1 • to writhe. Näsag agyra çydaman urunýardy. Ýaralanan keýijek iki ýana urunýardy. Biz balygyň kenarda urunyp ýatanyny görüp derýa goýberdik.

2 •  Doganymyň toýyna toý kejebesini tapýançak urunandyrs. Okuw ýylynyň gutarmagyna bir hepde galanda okuwçylar ekzamene taýarlanmak üçin urunandyrlar. Täze jaý alamda öz adyma resmileşdirýançäm urunandyrn.

3 • to fret, to be unsettled (inwardly). Gyzym agşam gyzdyranda tiz kömek gelýançä bir howsala düşüp urunandyrn.

uruş   n. war, battle, fight. ikinji jahan uruşy World War II. urşuň ~ ýyllary the grim years of war.

Usage: physical and/or verbal 1 • fight. Serdar bilen Wepaň arasyndaky uruş ýakymsyz sözden başlady. Il içinde är-aýal arasynda uruş bolsa hasa guraýança ýaraşsan sogap diýilýar.

2 • war. Ikinji jahan urşy müňlerçe adamlary betbagt etdi. Owganistan ýurdynda erçeme ýyllap graždanlyk urşy gidip dur. Ýadro urşynyň howpyny biz Herosima we Nagasakiden onuň nähili betbagtçylykdygyny bilmeli we unutmaly däl. Uruş meýdanda jesetlerden ýaňa aýak basara ýer ýokdy.

3 • campaign. Talyplar AIDS keseline garşy uruş yglan etdiler.

uruşdyrmak   v. 1 • to fight. Usage: verbal or physical Iki dostyň arasyna tähmet atyp uruşdyrdylar. Poligonda ýaryş geçirlende esgerler ýaragly uruşdylar. Ýaryşda itleri uruşdyramyzda Akguş birinji ýeri eýeledi. Horazlary uruşdyrmak uçin biz ýaryş meýdanyny taýynladyk.

Usage: windows 2 • to seal. Sowuk düşdi indi aýnalary uruşdyrsagam bolýar.

Usage: house 3 • to board up. Köne jaýy gulplap daşyndan uruşdyryp eýeleri gitler. Penjiräň daşyndan gawsasyny ýapyp uruşdyrdyk.

4 • to hammer in. Tamda surat asmak üçin çüý urdym.

5 • to patch, to sew together. Ýyrtylan jalwaryma ýama uruşdyrdym. Galan gykyndyk matalary uruşdyryp bir körpeçe tikdim. Şitilhanaň daşyna aýna ýetmedin ýerine paket uruşdyrdyk. Sowgadymy korobka salyp daşyna owadan paket uruşdyryp oňardym.

uruşmak   v. to fight. Usage: verbal or physical Uruşmak ite ýagşy. Men Mähri bilen şu wagt gepleşemok, biz uruşdyk. Türkmeniň däbinde geline baş salynanda gyzlar gelinler bilen geline baş atdyrmajak bolup ýakalaşyp uruşýarlar. Rowaýatlarda şa gyzyna öýlenmek üçin rysarlar ýaragly öz aralarynda uruşýardylar. Berdi bilen döwran ýumuruklaşyp uruşandyklary üçin mekdebiň direktory öz ýanyna çagyrdy. Alabaý möjek bilen gara gan bolýançalar uruşdylar. Faşistik Germaniýa goňşy döwletler bilen uruşdy.

ussa   n. repairman, craftsman. Zynjyrym üzilende zergär ussa bejertmäne eltdim.

agaç ussa   joiner, carpenter. Aýal doganym durmyşa çykanda agaç ussaň ýanyna baryp onyň oňaran iň owadan sandygyny aldyk. Mälik Gökje agaç ussasy, onyň oňaran dutarlary Mary iline belli.

demirçi ~   silversmith. Çaryň tigirçegi dügülende demirçi ussa eltip bejertdi.

tikinçi ~   tailor, seamstress. Meňli obamyzyň belli tikinçi ussasy, köp gyz-gelinler köýnegini şoňa tikdirýarler.

ussaçylyk   n. the profession of a . . . Ussaçylyk etmek aňsat iş däl, jogapkärçiligi kän.

ussahana   [ussaha:na] n. 1 • repair shop, workplace. Telewizor ussahanasyna baramda her hili bejerilmeli ýa-da eýam bejerilen telewizorlary gördüm. El sagadymyň batareýasy çökenligi sebapli sagat ussahanasyna tabşyrdym.

2 • garage, mechanic's yard, auto repair shop. Maşynyň tigiriniň ýeli çykyp maşyn ussahanasyna zordan aşdym.

3 • joiner, carpenter, timber yard. Agaç ussahanasyna baramda ussaň agaçdan ýasan zatlaryny görip aňk bolypdyrn. art studio sculpture's studio.

4 • (art) studio. Çeperçilik ussahana tälim almak üçin ýaş talyplar gelip surat çekmäne öwrendiler. Täze heýkellerini görkezmek üçin Çeper joralaryny öz ussahanasyna çagyrdy.

ussat   [ussa:t] n. master, expert. Men tikinlilik işinde ussat bolsamam entek edilmeli we öwrenmeli zatlar juda köp.

adj. Batyr saza ukyply bolup, ussat sazanda bolyp etişdi. Annaguly Nurmämmedow ussat ýazyjylaryň birisi. Kasparow şahmat oýynyň ussady.

ussatlyk   [ussa:tlyk] n. expertise, skill. Gülşirin Alijanowa öz konsertinde çykyş edip ussatlyk görkezdi. Şu 2006-njy ýyldaky olimpiadada Amerikaly figuristkalar öz programmalarynda ussatlyk görkezdiler. Kaskaderlar maşynlarynda ýuk maşynyň üstünden sürüp geçýarler, şeýdip olar ussatlyk görkezýarler.

usul   [usu:l] n. method.

1 • technique. Merjen tikinçi ussaň ýanyna gatnap tikin edip her hili usul öwrendi. Futbol oýnamaň öz usuly bar, şolary bilmeseň utuldygyňy hasaplaýmaly. Figuristleriň çykyşyna eminler hem usulyna hem ussatlyk bilen ýerine ýetirilişine ball berýarler.

2 • method, way. Kompýuterde işlemäň täze usul tapdym we öz toplumymysyz işgärlerine hödürledim. Çagalar bagynyň terbiýeçilerine çaga okatmaň täze usul görkezdiler we işe girizdiler. Pagtaçylyk institutyna başka ýurtlardan ylmy işgärleri geldi, olar ylmy barlagyň usulyny geçirdiler.

usullyk   adv. 1 • care. Aýnaň ýüzüni düwaýmäýin diýip usullyk bilen süpürdüm. Täze köýnegimi ýyrtaýmaýyn diýip usullyk bilen geýdim. Stakanly korobkaň daşynda "usullyk bilen", diýen ýazgy bardy. Gyzym ýatyr diýip gapyny usullyk bilen açdym.

2 • caution. Agyr ýüki ~ bilen düşürdiler. Saça sepilýan enjamlarynda "usullyk bilen, ýangyna howply" diýilip belgi bar. Gije ýagyş ýaganda maşyny haýal hem usullyk bilen sürmeli. Tanamaýan adamlaryň bilen usullyk bilen gürleşmeli.

3 • ? Elimde uklap galan bäbegimi sallançaga usullyk bilen ýatyrdym. Mugallym aglap oturan okuwçy bilen usullyk bilen gürleşip başlady.

usurgamak   v. to be exhausted (to the point of sleeping). Çaga aglap-aglap, ahyry usurgady. Şu gün gogaça daşap usurgap nan çaýymy iýmaň ýatdym.

uşak   n. little ones. Meniň uşaklam çagalar bagyndan entet gelenoklar.

adj. 1 • tiny, small. Men çagalar bagynda işlämde uşak çagalar bilen işläp başladym. Men kiçi çagakam doganlarym meni uşak hasaplap oýunlaryna oýnadanokdylar.

2 • intricate. Dograma tagamly bolar ýaly çöregi ýagly bişirip uşak dogramaly. Gaýmany uşak gaýanymdan soň gözlerim ýadady. Meniň gaýan ýakamyň nagşy örän uşak.

3 • fine. Dukandan uşak duz tapman iri duz almaly boldum.

4 • petty, insignificant. Hajalygyň uşak işi içerleri, çagalaň oýnjaklaryny ýygna ýançam, ütük edýançäm bir salkynymy aldy.

uşak-düşek   n. bits and bobs. Men öý üçin ~ zat satyn almaly, sawyn, şampun, el süpürlýan solfetka bilen telefona sim.

utanç   n. 1 • embarrassment, shyness.

2 • shame. Utanç bolar gyz halyna kakaň ýanynda ýaplanyp ýatsaň. Saçagyň başynda gerinip dursaň utanç bolar. Türkmeniň öz däbini bilmeseň saňa utanç dälmi?

3 • conscience. Şu güne çenli Şirinde utanç haýasy barmyka diýdim, ol ejesini ýuzgara etdi.

utançsyz   adj. shameless, barefaced. Utançsyz biheppe arakhorlar arak içip masgara bolup ýorler. Gül ýaly ene-atadan şeýle utançsyz melgunam dogular eken.

utandyrmak   v. to shame. Daýym maňa çagakam telewizor görip ýatman ejeme kömek etmeli diýip meni utandyrýardy. Ussat şägerdi sazy gowy çalmyýandygyny aýdyp köpçiligiň içinde utandyrdy.

2 • v. to embarrass. Merdan Maýsaň gözleri owadan diýip utandyrdy.

utanjaň   adj. embarrassed. Leýli pianinoda gowy saz çalýar, ýone utanjaň bolany üçin öwip bir zat diýseň derrew guzarýar. "Aşgabat gözeli" bäsleşiginde Şirin utanjaň bolany sebapli gatnaşyp bilmedi. Gülşat utanjaň bolansoň surata düşürjek bolsalar ýüzüni eli bilen ýapýardy.

utanmak   v. 1 • to be shy. Mähri klasdaşlarynyň arasynda pianino çalmaga utansada, olaryň haýyştlaryny ýerine ýetirdi.

2 • to be modest. Selbi ýygry bolanlygy sebäpli kelte ýeňsiz köýnek geýmäge utanýar.

3 • to be ashamed. Maral tansda ters eden hereketinden utandy. Biheppäni utandyrjak bolyp aýdan sözleniňe, utanjagam bolanok. Batyryň kakasy arakhordygy sebäpli, ol dostlaryndan utanýardy.

utgaşdyrmak   v. to combine. Mekdebiň üç topar birinji synplaryny utgaşdyruyp bir ertekini sahnalaşdyrdylar. Men teoriýa bilen törgenleşigi utgaşdyrmak üçin okadym hem şol urdan işledim. Demlenen çaý narpyz bilen utgaşdyrmak üçin on minutlyk basyrmaly.

utgaşmak   v. 1 • to be joined. Biziň obamyz ösüp şäher bilen utgaşdy. Indoneziýadaky sunami tolkunlarynyň getiren betbagtçylygynda bar ýurtlar utgaşyp kömek etdiler.

2 • to match. Täze tikinen köýnegimde sary reňk bilen ýaşyl reňk utgaşdy. Jaş tarelkany döwenimden soň jup bolar ýaly hem utgaşar ýaly tarelka gözleýan. Domino oýynda haýsam bolsa bir tarapa sanyň utgaşmaly.

3 • to be in agreement. Ejem ikimiziň otagymyzy remont etmeklikde pikirimiz utgaşdy.

utmak   v. to win. Mekdebimiz sport ýaryşynda utanda uly baýramçylyk geçirdi. Doganym bilen futbol çempionatyna jedelleşemde men utdym.

utulmak   v. to lose (at). Ýaryşda utulmak meniň üçin utanç bolar diýip gije-gündiz taýarlandym. Oýynçy utulanyny bilse ýagşy. nakyl

uwlamak   v. 1 • to howl. Usage: animals, wind Gije çölde möjekler uwlaýarlar. Gije ýel uwlap soňam erbet ýagyş başlandy.

Usage: humans 2 • to moan. Meniň dişim agyranda gijesi bilen uwlap çykdym. Agşam düşümde erbet düş görüp uwlap çykypdyrn.

3 •  Şol soňky işimi ulaý-ulaý tapdym. Gyşda maşynymy uwlap diýen ýaly otlapdym.

uýa   n. 1 • sister, little sister. Usage: dial Üýajygym, sag-aman otyrsyňmy? Gözi ullakan gyz seniň uýaňmy?

Usage: dial 2 • sisters. Üç uýaň üçüsem lukman boldylar. Olar hak uýa dälde dogan okaşan. nurse junior nurse.

Usage: medical3 •  Şepagat uýasy bäşinji otagdaky hassalara dermanlaryny paýlady. Irden sagat ýedide kiçi şepagat uýasy otagymyzy süpürdi.

Usage: (as respectful term of address for female younger than oneself) 4 • young woman. Uýam, kyn görmede maňa kömek edäýdä?

uýan   n. bridle.

uýat   n. disgrace, dishonour.

1 • disgrace, dishonour. Mahym uýat iş edipdir öýinden giden bolsa. Uýat bolar esger bolup öz dostlaryňy urüs meýdanynda taşlap gaçmak. Sportsmene uýat bolar olimpiadada birinji ýeri almak üçin narkotik jisimlerini edip ýer almak.

2 • indecency. Uýat bolar ýakaňdan göwsiňi çykaryp köçede çaga emdirip otursaň. Türkmen halyňa uýat bolar arkany açyk köýnek geýmek. Şolar ýaly köýnek geýmek hökmanmy, ýapyşdyr uýat ýerlerini.

uýgunlaşmak   v. to adapt to, to adjust to, to get accustomed to. Başka şähere göçseň uýgunlaşmak üçin köp wagt gerek. Ak aýylary yssy kontinentlere geçirseň olar uýganlaşmayarlar. Obada önüp ösemsoň uly şähere uýganlaşmak kyn boldy.

uýluk   n. Usage: anatomy hip.

~ süňki   femur.

uýmak   v. to believe in. bir dine ~

uz   [u:z] adj. beautiful, ? Gaýan gaýmaň az bolsyn, ýone uz bolsyn. Dokalan halyň uz hem nepis bolupdyr.

adv. elegantly. Gyzyl körteli gelin uz basyp suwdan ýüzüp gelýan ýaly gelýar.

uzak   adj. far, long. uzak wagt a long time.

Usage: time, distance 1 • far.

2 • distant, remote.

3 • all, whole.

Usage: distance 1 • far, long. Öýmizden Murgap derýasyna çenli ýol uzak, bizem maşynda gidýaris. Telefon arkaly biz uzak aralykdaky adamlar bilen habarlaşyp bilýaris.

Usage: time 2 • long. Maňa Beýik Britaniýa gitmek üçin wiza uzak wagtlyk berdiler. Men göçýanligim sebäpli indi siziň kärhanaňyzda uzak isläp biljek däl. Çagalar kän uzak wagt suwa düşmeselerem suwdan çykanlarynda tenleri güne ýanypdyr.

Usage: time, distance 3 • all, entire, whole. Men uzak gije kitap okap daňyň atanyny bilmändirn. Gyzlar uzak gün pagta meýdanynda bolyp, agşam ara derýa suwa düşmäge gitdiler. Aşgabatdan Mara golýançäm uzak ýoly uklap geldim.

4 • remote. Uzakdaky amazon taýpasyna barmak üçin üç bün gaýykda ýüzmeli.

5 • ? chronic, prolonged. Mamamyň uzaga çegen üznüksiz üsgüleýük keseli bar ysgynyny aldy. Kärhanaň lisenziýa barada meseleleri uzaga çekildi.

adv. quickly. Sirin dümegden uzaga çekmän gutuldy we ise basym çykdy.

Ömrüň ~ bolsun! (arzuw, dileg)   

uzaklyk   n. distance.

1 • distance. Uzaklykdan kerwen görünsede ýene iki sagatsyz oba gelmezler. Balkanabat Aşgabatdan 380 kilometr uzaklykda bolsada biz maşynda gitdik.

2 • length. Sapaklarymyzyň uzaklygy 45 minut bolsada birinji sapagymyz derrew gutardy. Çeper filmiň uzaklygy üç sagada çekdi.

Usage: geogr 3 • longtitude. Geografik uzaklygy iki meridianyň arasynda bir sagat hem 15 gradus tapawut berýar.

uzalmak   v. to become longer, to be extended.

1 • to become longer. Tomus aýlarynda gündizler uzaýar. Ýolymyzy uzaltmajak bolsaň bir waka aýdyp bersene!

2 • to become taller. Begenç basketbola gatnap başlany bäri boýy uzalypdyr.

3 • to be extended. Biziň wizamyz ýenede üç aýlyk uzaldyldy.

4 • to be prolonged. Kazyýetiň işleri anyk bilinmedigi sebäpli gaty uzaldy.

uzaltmak   v. to prolong, extend.

Usage: objects 1 • to lengthen, to extend. Jalwarymy uzaltmak üçin tikinçi ussa berdim. Kelte bolýan tutyň gasynyny söküp uzaltdym. Tans edýan gyzlar saçlaryny uzaltmak üçin ýasama saç goşýarlar. Myhman gelýar diýip biz stolymyzy uzaltdyk. Uzun boýly maýyp oglana lukman pişegini uzaltdy. Ýollaryny uzaltmak üçin iki ýaş juwan kelte ýoldan ýöremän aýlowly ýol bilen geldiler.

Usage: time, life 2 • to extend, to prolong. Men gutaryp barýan wizamy uzaltdym. Ýarawsyzlyk kagyzymy, doly gutulmanlygym sebäpli ýene uzaltdym. Gök önüm iýmek ömrüňi uzaldýar. Alkyş almak we ýüregiňde kine saklamazlyk ömrüňi uzaldýar. Ýarawsyz bolan daýyma ömrüni uzaltmak üçin şöhlä tutdylar.

uzamak   v. to stretch.

1 • to lengthen, to grow longer. Gyşyň gelmegi bilen gijelerem uzaýar. Öňki joralam bilen ýörän ýollarym ýeke barýalygymdanmy göwnime bolmasa uzaýar.

2 • to grow. Agaçlaryň depesi asmana uzapdyr. Berdiň gullykda bolan wagty boýy uzapdyr. Pagta ekeniňden soň pagta meýdany agarsa uzan ýaly bolýar.

3 • to reach up (for). Kitap tekgesinden kitap almak üçin elimi ýokaryk uzatmaly.

eliň uzamak    Iş tapanym bari elimem uzaýar gerek zadymy alyp bilýarin. Eliň uzaýarmy maňa el göterjek bolýaň?

dil uzamak    Ol oglanyň dili uzapdyr, mygallymyna gaýtargy berýan bolsa.

uzatmak   v. to pass something to someone.

1 • to pass to, to hand to. Mergen elindäki kitaby Sülgüne uzatdy. Toý tamadasy myhmana mikrofony uzatdy. Stolyň üçtündaki çaýnegi uzadaýda meniň elim ýetenok.

2 • to extend, to stretch. Kellämi penjireden uzadyp oglymy çagyrdym. Stolyň ol çetindäki duran kitaby elimi uzadyp zordan aldym. Salamlaşmak üçin dostyma elimi uzatdym. Aýagymy uzatmasam epläp oturanymdan soň dyzym agyrýar.

Usage: food 3 • to accompany, to lead. Biz restorana baramyzda bize nahar uzatmaklaryny haýyş etdik. Myhmanlaň öňine nahar uzatdym. Usage: person

uzyn   [uzy:n] adj. 1 • long. Usage: distance, time Uzyn ýol diýman joramyňka ulaga münmän ýoräp gitdim. Gyş günlerinden tomus günleri uzyn bolýar. Ot bilen ot (ýangyn) sözleriniň ýazylşy bir ýone ot (ýangyn) sözi uzyn çekimli aýdylýar.

2 • tall. Gunçanyň ýoldaşynyň boýy uzynlygy üçin, Gunça onuň diňe kiftine ýetýar. Kedr agaçlaryň boýy üç gat jaýlaryň boýyndan uzyn bolýar. Boýy uzynyň akly kelte. nakyl

Usage: time 3 • whole. Gadyr gijesinde uzyn gije daň atýança doga okap dilep etgik.

eli uzyn   wealthy. Wepa indi nebit we gaz öňümçiligiň başlygy bolup öňkisinden eli uzyn bolup islän zadyny alyp bilýar.

dili uzyn   1 • gossip. Meniň ýeňňemiň dili uzyn bolup, agzyna gelenini aýdyp gownüme degdi.

2 • aire of authority. Serdar öz işleýan kärhanasynyň isini gowy bitirýanligi üçin kärdeşleriniň ýanynda dili uzyn.

Ýaşy uzyn bolsun!   Lit: May you stay young for a long time! Keep your youth!

uzyn-uzyn   adj. Küşt depdi tansyny uzyn-uzyn boýly oglanlar gyzlar edýardiler.

adv. 1 •  Uzyn-uzyn ädimläp biz top oýnajak ýerimizi ölçäp, oýnymyza başlady. Tahtabazaryň daglarynda başga oba eltýan uzyn-uzyn dagyň içinden geçýan ýodalary bar.

2 •  Begenç uzyn-uzyn gepläp berilen oý isini etmegi unutdy. Haýwanat bagyndaky ýolbars uzyn-uzyn gygyryp çagalary gorkyzdy.

1 •  Tokaýda ~ agaçlar bar. ~ boýly gyzlar

2 •  ~ dag geçelgeleri ~ ädimlemek

3 •  ~ gürlemek ~ gygyrmak

uzynlyk   [uzy:nlyk] n. length. Uzynlyga bökmekden men birinji ýeri eýeledim. Bitaraplyk aýynyň 21-niň gijesinden başlap gijäň uzynlygy kem-kem azalýar. Günüň uzynlygy ýazyň gelmegi bilen uzaýar. Inli matany uzynlygyna gyrkjak bolyp barmagymy kesdim. Täze elli metr uzynlygy bolan gämini men öz nusgamda görkezdim.

adj. long.