TÜRKMEN DÜŞÜNDIRIŞ SÖZLÜGY

a
b
ç
d
e
ä
f
g
h
i
j
ž
k
l
m
n
ň
o
ö
p
r
s
ş
t
u
ü
w
y
ý
z

E - e

ebedi   [ebedi:] adj, adv. eternal, for ever. ~ ýaşamak (lit.) ~ berkarar bolmak ~ ýadygärlik

ebedilik   [ebedi:lik] n. eternity.

eçilmek   v. to yield, provide.

eda   [eda:] n. 1 • tact. ~ bilen gürlemek

2 • help, support. ~ bermek to help, render help.

edara   [eda:ra] n. office.

1 •  döwlet ~sy ylmy ~ ~da işlemek

2 •  ~ etmek ?to manage.

edebi   [edebi:] adj. literary. ~ dil literary language. ~ miras literary heritage. ~ eser work of art, fiction. ~ ýadygärlik

edebiýat   [edebiýa:t] n. literature.

1 •  ~ kitaplary

2 •  çeper ~

3 •  ylmy derňewler üçin ~ toplamak

edebiýatçy   [edebiýa:tçy] n. specialist in study of literature, literary critic.

eden-etdi   n. self-will, wilfulness, arbitrariness.

edenli   adj. mighty, strong, capable, able, skilful. ~ işçi skilful workman. ~ eller strong hands. ~ ýigit

edep   n. 1 • upbringing, breeding, background. çagalara ~ öwretmek

2 • ethics. ~ bilen salam bermek ~ bilmezlik

edepli   adj. well-bred, "cultured", ethical.

edepsiz   adj. ill-bred, lacking manners.

edermen   adj. brave, courageous, valiant, gallant.

edermenlik   n. bravery, courage, valour. ~ görkezmek to show one's courage.

edil   adv. 1 • the same (as). ~ gant ýaly like sugar. ~ gant ýaly ak hem gaty ~ kakasy ýaly

2 • exactly, on the dot, sharp. ~ sagat onda at ten o'clock exactly. ~ wagtynda

edilmek   v. to be done, be made.

edinmek   v. 1 • to acquire, obtain, buy, get. Men özüme täze kompýuter edindim. gelin ~ maşgala bolup nahar ~

2 • to make (for oneself). ertirlik nahary edinmek to get breakfast. maşgala bolup nahar ~

maksat ~   

niýet ~   

efir   [efi:r] n. broadcast, on the web. Häzir hepädňiň filmleri efirde. This week's films are now being broadcast. Häzir efire gidip dur. Currently being broadcast.

efire bermek   to put on the air, broadcast something.

egdirmek   v.

eger   conj. if. eger... bolsa, diýmek... if... then... eger-de if (for example)... ~ isleseň, çaý içeli. Eger-de bu şeýle bolsa, biziň gatnaşygymyz kesiler.

egilmek   v. to bend, stoop.

egin   n. shoulders.

1 • shoulders, back. egin-eşik clothes. sag egniňe ýatmak çep ~

2 •  Onuň egninde gyrmyzy köýnegi bar.

eginbaş   n. clothes, garments. eginbaş asylýan jaý wardrobe (piece of furniture).

egin-eşik   n. clothes. egin-eşigiňi çykarmak to undress, take off one's clothes. egin-eşigiňi arassalamak

egirmek   v. to spin (a web/silk etc.)

eglemek   v. to delay, detain, keep (off). Ony eglediler. He was delayed. Dostuňy egleme, nepden galmasyn, Duşmanyň saklama, syryň bilmesin. nakyl

eglenmek   v. to stay too long, delay one's departure. Ol dükanda eglendi. He stayed too long in the shop. Eglenme-de Aşgabada! Hurry to Ashgabat! Eglenme-de, çalt gel!

egmek   v. to bend, bow.

1 •  çybygy aşak ~ At boýmuny egýärdi.

2 •  demiri ~

egrem-bugram   adj. curved, crooked, twisting, winding. ~ ýodajyk twisting path.

egri   adj. curved, crooked.

1 •  ~ ösen agaç ~ çyzyk (math.)

2 •  Sen ~ pikire eýerme.

egrilmek   v. to be spun (e.g. wool).

e-hat   e-mail.

ejaza   [eja:za] n. visa, pass, permit.

eje   n. 1 • mother. Ejem! Brit Mummy! US Mommy! Ol meniň ejem.

2 • aunt (used like a title). Gözel eje aunt Gözel. Bibi eje ejem ogly

ejeke   n. Usage: dial sister (elder).

ejir   n. torture, torment, pangs. ~ çekmek to suffer. agyrydan ejir çekmek to be racked with pain. ~ bermek

ejirli   adj. 1 • agonising, tortuous. ~ çünler agonising days.

2 • martyr's. ~ ölüm martyr's death.

ejiz   [eji:z] adj. weak.

1 • weak, sick, feeble, powerless, helpless. ~ adam weak person. ~ çaga ~ bolmak to be weak.

2 •  Bu topar beýlekiden ~. Men matematikadan ~.

ejizlemek   [eji:zlemek] v. to lose one's strength, grow weak, weaken. Ol ejizledi. He grew weak.

eken   v modal. it turns out that, seems that, apparently.

Bir bar eken, bir ýok eken . . .   Once upon a time . . .

ekerançy   [ekera:nçy] n. farmer.

ekerançylyk   [ekera:nçylyk] n. 1 • farming. ~ ýerleri

2 •  ~ hojalygy ~ bilen meşgullanmak to do farming.

ekin   n. crops.

1 •  ~ meýdany cultivated field.

2 •  ~ler gögerýär The crops are growing. däneli ~ler cereals.

ekinçi   n. farmer.

ekinçilik   n. 1 • field, large area of sown crops.

2 • agriculture, farming. ~ işleri

ekiş   n. sowing. ~e başlamak to begin sowing.

ekiz   n. twins.

eklemek   v. to keep, maintain, support, look after dependants. maşgala ~ to support/keep a family. ekläp saklamak to bring up.

eklenç   n. livelihood. ~ etmek to earn one's living.

ekmek   v. to sow, plant.

1 •  bugdaý ~ ekin ~

2 •  bolsady ~

ekologiýa   [eko'logiýa] n. ecology.

ekran   [e'kran] n. screen, television.

ekspert   [eks'pert] n. See: ussat.

eksport   ['eksport] n. export. ~ etmek to export.

el   n. hand. ~ goşlary hand luggage. Uçara el goşlarymy ýanyma alyp mündüm. ~ çarpmak to applaud, clap. Ýeňijini el çarpyp goldadyk. ~ çekmek to back away, withdraw. Gyzym kagyzyň ýüzüne elini goýup el çekdi. Eliňi çek! Hands off! Erbet niýetiňden sen el çek.

eliň aýasy   palm (of hand). Meni ýoldaşym eliniň aýasynda saklaýar. Eliň aýasy gijese,rysgalyň göteriljekdir./yrym/ Joram öz el sagadyny ýitirdi. Doganym öýde el degirmeni oňardy. Magtymguly Pyragynyň el ýazmalary Saparmyrat Türkmenbaşy ad.kitaphanasynda bar. Joralarymyň arasynda iň owadan el keşte Läläňki.

1 •  Meniň çep ~im agyrýar. Elimiň aýasyny dügük aýna kesdirdim. Onuň ~inde kitap bar. Gyzym sag elinde dälde çep elinde hat ýazýar. Oglumyň elinden tutup seýil baga gitdik.

2 • 

~ alyşdyrmak   -. Ýaramaz ýagdaýy ele alyşdyrdyk we indi biz bar zada kontrollyk edýäris. Senem indi Tylla bilen el alyşdyryp ýaraşyň.

el-aýagyny ýitirmek   -. Mähri gorkusyna el-aýagyny ýitirdi.

el-aýak ýaly   -. Oglum el aýak ýaly bir ýerde duranok.

~ barmazlyk   -. Hojalygyň işinden ýaňa tikin işe elim baranok.

~ bermek   -. Klasdaşym bilen bolan dawada men el berdim. Garry mama el berip ýoldan geçirdim.

~ bermezlik   -. Öz diýenimden men indi el bermezligi islämok.

~ bilamak   -. Daşyrakda oýnap ýören çagalara elimi bulap çagyrdym. Öz işiň bilen bol,iliň işine el bulama.

~ garmak   -. Sen indi bu işe el garma biz dynyp barýarys.

~ gatmak   -. Ogurlyga sen el gatmadyk bolsaň,seniň adyňy tutan bolmaz. Kişiň zadyna el gatma.

~ gaýtarmak   -. Pälwan öz bäsdeşine el gaýtardy.

~ galdyrmak   -. Saýlaw geçirmek üçin el galdyralaň. Tertipli bol ,kişä el galdyrmak utanç bolar.

~ götermek   -. Şu käriňden el götermeseň,bir belaň üstünden bararsyň.

~ görkezmek   -. Sen başlyga el görkezmeseň ol seni işe kabul etmez.

~ degirmek   -. Kuwwat toýdan öň Jerene el degiripdir.

~ degmek   -. Şu nahara el degmedi yzyna guýaý. Eliň degse bize oturmaga bar.

~ işleri   -. El işini men ejemden öwrendim.

~ ýetmek   -. Alada köp bolup seniň işleriňe elim ýetenok. Harytlary el ýeter bahadan alyp bolýar.

~ ýüzünde goýmak   -. Gyş eginbaşlarymy ýygnamok entek el ýüzde goýdym. ~ tutuşmak Joralarym bilen el tutuşyp mekdebe gitdik.

~ salmak   -. Men gaharyma şol oglana el saldym.

~ sermek   -. Şu ýaşyňda el sermede özüň işle.

~ süýdüni bermek   -. Şirin bilen Şatlyk ogullyk alan ogullaryna el süýdüni berýarler.

~ ujundan   -. Seniň eden işiň ýaramaz iş,el ujundan edilipdir.

~ uzatmak   -. Meniň kyn günümde meniň dostum el uzatdy.

~ urmak   -. Ýaman işlere el ursaň ýüzüňe gara geler.

~ üzmek   -. Begliň edýany ters iş bolsa biz ondan el üzmeli bolarys. ~ çarpmak

~ çekmek   -. Leýliden sen el çekmegin gowy maşgalaň gyzy.

~ zähmeti   -. Dürlli gelneje öz el zähmeti bilen abraý gazandy.

el-ele bermek   -. El-ele berip joramyza agyr gününde kömek etdik.

~ uwmak   -. Satlyk bagşy bar haram gazananyndan el ýuwmaly boldy.

~ ýaly   -. El ýaly kagyzyň ýüzünde bir salgy bilen telefon nomer bar.

elde saklamak   -. Şu üç toklyň ikisi elde saklanan,birisi sürüde.

elden-aýakdan çykmak   -. Meýlisjik elden aýakdan çykdy indi ullakan boldy.

elden düşürmezlik   -. Baldyzym jigleri bilen oýnap uzak gün elinden düşürmedi.

elden gelmek   -. Tikin çatyn işleri meniň elimden gelýär.

elden geçirmek   -. Okuwçylaryň depderlerindäki öý işlerini elden geçirdim.

elden gidirmek   -. Men öz bagtymy elden gidirdim.

elden gutulmak   -. Kemal awto heläkçiliginden elden gutuldy..

elden-ele geçmek   -. Täze kitaby klasymyzda eden-ele geçirip hemmeler okady.

elden tutmak   -. Ogryny ogurlyk edip duran ýerinde elinden tutdylar. elden çekmek Oglumyň elinden çekip ýapdan geçirdim.

elden çykmak   -. Tarhan elden çykypdyr,ene-atasynyň diýenini edenok. Esli wagtlap gaýma gaýamamsoň elden çykypdyr.

ele almak   -. Terorçy uçary eline aldy. Mähri indi bilimleri eline aldy. Ýazan hatymy eliňe alaňsoň şol gün jogabyny ýaz.

ele bakmak   -. Özüň gazanç ediberseň kişiň eline bakmarsyň. ele geçirmek

ele düşmek   -. Kakamyň gazaba münen wagtynda eline düşdüm. Urşuň birinji gijesinde Brest şäheri duşmanlaň eline düşdi.

eke düşürmek   -. Esger özüni duşmanyň eline düşürmejek bolup,tankyň aşagyna oklady. Şu köýnek arzan hem elinjek elime düşdi.

ele ilmek   -. Ýagmyr duşmanlaryň eline ilipdir. Ogry eline ilen zadyny göterip gidipdir.

ele öwretmek   -. Biz bäbegimizi ele öwredipdirs,diňe göterdesi gelýär.

eli agzyna ýetmek   -. Daýymyňam indi iş tapaly bäri eli agzyna ýetýär.

eli agyr   -. Batyr pälwanyň eli agyr ,garşydaşyny bir uranda ýatyrýar.

eli arassa   -. Nurmyrat ogurlyk edendir öýdämok,onuň eli arassa.

eli açyk   -. Atamyň eli açyk kim näme sorasa berýär.

eli barlyk   -. Halmyradyň jenaýata eli barlyk edýän bolaýmasa.

eli galam tutmak   -. Gyzym alty ýaşam bolsa eli galam tutýar,mekdepde ökde okuwçylaryň birisi.

eli boşluk   -. Saparyň eli boşluk edýän bolsa,gidip atasyna mal bakyşsyn.

eli boş gelmek   -. Öýe eli boş gelipdir,ne süýji getiripdir,ne-de köke.

eli galmazlyk   -. Meniň elim zenan maşgala galmaz.

eli getirmek   -. Oýunda eli getirmek üçin hem usulyny bilmeli,hem ökde bolmaly.

eli gijemek   -. Batyryň şu gün ellil gijäp dur biri bilen urşasy gelip. Ýegenimiň eli gijäp dur bir iş etmese.

eli gysgalyk   -. Daýyň eli şu wagt gysgalyk edýär,ýogsa ýegenine gowy sowgat ederdi.

eli ýeňil   -. Birinji söwdany eli ýeňil adam etse söwdaň şowly bolýar.

elinden çekilen ýaly   -. Narpyzly çaýdan soň ýarawsyz oglum elinden çekilen ýaly bolup gutuldy.

eline kakmak/urmak   -. Şatlyk hapa oýnajak bolanda eline kakdym. Kerim jenaýata ýaňy baş goşanda agalary eline kakdylar.

elini-aýagyny baglamak   -. Toýly geljek ,garaş diýip elimi-aýagymy baglap gitdi.

eli sowamak   -. Merdanyň işi ugrykmansoň eli sowady.

eli süýjülik   -. Biziň mekdep aşpezimiziň eli süýji tagamly naharlary bişirýär.

eli uzynlyk   -. Kakamradyň eli uzyn işleýär,gazanýar,islän zadyny alyp bilýär.

eli çykmak   -. Garýagdy sport türgenleşiginde ýykylyp elini çykardy. Bir ýyl bäri kompýuterde işlemämsoň elimden çykypdyr.

eli egrilik   -. Eli egri adam günde bir zat ogurlap getirýär.

eli ýukalyk   -. Mamamyň eli ýukalyk edýär sebäbi pensiýasy az.

eliň aýasy ýaly   -. Eliň aýasy ýaly ýerde hem güller,hem şitiller ekilipdir.

eliň aýasynda saklamak   -.

eliňde baryny etmek   -. Siziň meseläňizi bitirmek üçin elimde baryny ederin.

eliňden gelenini etmek   -. Ýetimlere eliňden gelenini etmek sogap bolar.

eliňden gelmek   -. Tok enjamlaryny oňarmak elektrigiň elinden gelýär.

eliňden dur dökülmek   -. Göwheriň elinden dür dökülýär bar işe ökde.

eliňi burnuňa sokmak   -. Eliňi burnuňa sokup gelmede ,çagalara sowgatjyk getirgin.

eliňi sowuk suwa urmazlyk   -. Uzak gün ýatyp eliňi sowuk suwa urmansyň.

eliňi ýatan çöpe urmazlyk   -. Sen ýarawsyz wagtyňda eliňi ýatan çöpe urmagyn.

ýeňsäňi el ýaly etmek   -. Gohlaşanymyzdan soň ýeňsesini el ýaly edip çykyp gitdi.

iki elläp ýapyşmak   -. Täze hödürlenen işe iki elläp ýapyşdym.

kişi el bilen ot gorsamak   -. Kişi eli bilen ot gorsamada jogapkärçiligi boýnuňa al. Ol meniň elimde däl. Men saňa kömek edesim gelýär,ýöne bu meniň elimde däl.

sag/çep el   -. Ol meniň sag elim. Men şu wagt başlygyň sag el wezipesini ýetirýärin.

elden-ele   -. Elden-ele ber diýen hatyňy elin gowşurdym.

ajala el bulamak   -. Mergen howply işe baş goşup ajalyna el bulaýar.

eliňi salgamak   -. Ol elini salgap göýberdi,ýöne men egilip ýetişdim.

el ýalamak   -. Bizä Şöhradyň şol işinden el ýalamadyk.

el diýeniňi etmek   -. Paraliç keselinden soň mamamyň eli diýenini edenok.

eli gana bulamak   -. Adam öldürüp elini gana bulady.

el barmak   -. Serdaryň ýüregi ýuka,towuk soýmaga eli baranok.

eliň endik etmek   -. Kompýuterde işlemäni indi elim endik etdi.

eliň kesilmek   -. Gyzym Aşgabada gideni bäri elim kesilen ýaly boldy.

elden bermek   -. Ýaryşda utulyp baýragy elden berdik.

bir elde bolmak   -. Zadyň elden ele geçmän bir elde dursa uzak ulanarsyň.

el gelmek   -. Şu gün elim geldi,söwdam artygy bilen boldy.

elden satmak   -. Şu kitaplary men elden satyn aldym,dukanda bu kitaplar satylanok.

eli işe gelişmek   -. Täze gelinimiziň eli işe gelişip barýar.

eli ýarag titmak   -. Oglanlaryň elini ýarag tutmaga gullukda öwredýärler.

öziňi ele almak   -. Özümi ele almak üçün damja dermandan işdim.

elde jan bermek   -. Ýaralanan dostum elimde janyny berdi.

elde durmak   -. Daýzamyň çagalary ellerinde duranok,bolanam ýogalýar.

el boşlugy   -. Elimiň boş wagty kitap okaýaryn.

elden gutarmak   -. Aklawjy elden gutarmak üçin elinden gelenini edip,öz müşderini boşatdy.

elden sypdyrmak   -. Şol wakany elin elden sypdyrdym.

elden çykarmak   -. Bir aý bäri edilmän duran işi ahyr elden çykardym.

bir el oýnamak   -. Gel ikimiz bir el küşt oýnaly. Eli uzyň,maňlaýy buz./nakyl/ Agzy köpi aşa ýakyn,eliň köpi işe ýakyn./nakyl/ Alagan elim beregen./nakyl/ Bir elde iki garpyz tutdurmaz./nakyl/ Gural işlär,el öwiner./nakyl/ Öz eliň,öz ýakaň./nakyl/ Kesekiň eli bilen ot gorsama./nakyl/ El eli ýuwar,iki eliň ýüzi ýuwar./nakyl/.

elbetde   adj. certainly, of course, to be sure. ~, ol geler. Of course he will come. ~, şatlyk geler.

elek   n. sieve.

elektrik   [elek'trik] adj. electric. ~ energiýasy ~ kofe maşyny electric coffee maker.

n. Çyralary bejermek üçin ~ geldi.

elemek   v. to sift, screen. un ~ to screen flour. eläp çykmak

elhenç   adj. terrible, frightful, fearful, dreadful. ~ gygyrmak ~ gorkmak ~ sowuk terrible frost. ~ habar very bad news.

elipbiý   [eli:pbiý] n. 1 • alphabet. ~ boýunça alphabetically, in alphabetical order.

elipbiýden şermende / elipden şermende   

2 • latin script.

ellemek   v. to touch.

elleşmek   v. to shake hands, greet (touch each other).

elli   num. fifty.

ellik   n. glove.

ellilik   n. a fifty. Ellilik maňa ber! Give me a fifty (manat note)!

1 •  ~ teňňe

2 •  ~ çyra

ellinji   num ord. fiftieth. ~ nomer number fifty. ~ sahypa page fifty.

elmydam   [elmyda:m] adj. always, for ever. Ol ~ işli. He is always busy. ~ şeýle always the same.

elmydama   [elmyda:ma] adv. always. ~ türgenleşik geçmeli See: elmydam.

elt   n. sister-in-law, husband's brother's wife.

eltilmek   v. to be taken (to). maşyn bilen ~ to be taken by car.

eltmek   v. to take someone somewhere, drop off, send. birini öýüne ~ to take someone home.

1 •  sözlügi eýesine ~

2 •  Bu seni ýaramazçylygyň üstünden eltmekçi. birini öýüne ~

elýaglyk   [elýa:glyk] n. handkerchief.

em   n. medicine. keseliň emi remedy for a disease. ~ etmek to cure.

2 • n. bir işiň emini tapmak

emdirmek   v. to breast-feed, to suckle.

emedeklemek   v. to crawl.

emel   n. 1 • contrivance, shift, device. ~ etmek to contrive (to), try (to). Onuň ~i başa barmady.

2 • way out, exit. ~ tapmak to find a way out. Ahyry bu işiň ~i tapyldy.

3 • method, way. ~e gelmek to be formed, be generated. ~e getirmek to form.

4 •  Ol ~le ýetdi ~ eýesi

5 •  göreşde ~ ulanmak

6 •  arifmetikanyň dört ~i

emeldar   [emelda:r] n. official, noble.

emele gelmek   v. to be formed, come into existence, to appear.

emele getirmek   v. to form, make.

emeli   [emeli:] adj. artificial, man-made. ~ süýüm ýeriň emeli hemralary artificial satellites of the Earth. ~ suwaryş artificial irrigation.

emelli   adj. crafty, cunning.

emelsiz   adj. lacking in skill, clumsy.

emin   [emi:n] n. referee.

Usage: competition 1 • referee, umpire, judge. bäsleşigiň emini

2 •  Eminler hem arçynlar ile baştutanlyk edipdirler.

emir   n. order, command. ~ etmek to order, command. ~ bermek

emjek   n. breast. emjek ujy nipple. sygryň emjegi Aglamadyk oglana emjek ýok. nakyl kyrk

emlemek   v. give.

1 • to give. sygra ot ~

2 •  Häkimlige emlemeseň, işiň bitmeýär.

emläk   n. possessions, property. döwlet emlägi something which belongs to the state, state property. şahsy ~

emma   [emma:] conj. but.

emmek   v. to breast-feed.

emr etmek   v. command.

emzik   n. 1 • dummy. Usage: Brit çaga ~ bermek boş ~

2 • pacifier. Usage: Amer

enaýy   [ena:ýy] adj. nice, good, pretty, pleasant. ~ zat nice thing. ~ oýunjak ~ gyz pretty girl.

ençeme   adj. 1 • some, a few, several, a certain number of. ençeme ýyllaryň geçmegi... several years having passed...

2 • so much, so many. ~ wagt so much time. ~ kitap so many books. ~ döwletler number of states.

endam   [enda:m] n. body. Ol hor endamyny görkezdi. endam-jan body, body and soul. endamyň syzlamak

endigan   [endiga:n] adv. evenly. ~ ösmek to develop evenly.

endik etmek   v. to get into the habit of (doing something). gowy ~ ýaramaz ~

~ etmek   

ene   n. 1 • grandmother (paternal).

Usage: lit 2 • mother. ~den bolmak to be born.

1 (great mother) •  Men garry enemi gowy görýärin.

2 (mother) •  çaganyň enesi

3 (animal) •  Guzular enesini tapýarlar.

4 (animal) •  ~ goýyn ~ baýtal

5 (respect) •  garry ~

ene-ata   n. parents.

eneke   n. nurse, nanny, child-minder.

enelik   adj. maternal.

1 • maternal, motherly. ~ borjy motherly debt. ~ alada maternal care.

2 •  Ol meniň eneligim.

energiýa   [e'nergiýa] n. energy. elektrik ~sy electric energy. gün ~sy

enjam   [enja:m] n. equipment, facility, appliance.

1 •  medisina ~lary öý-hojalyk ~lary

2 •  syýahat gitmegiň ~ny etmek

enjamlaşdyrma   [enja:mlaşdyrma] n. equipment, equipping.

enjamlaşdyrmak   [enja:mlaşdyrmak] v. to equip, fit out. täze tehnika bilen ~ to supply with modern equipment.

entek   adv. yet, for the moment.

entemek   v. wander.

1 • to wander, ramble, roam, stroll. köçelerde entäp ýörmek to stroll about the streets. işsiz ~ to idle about.

2 •  Sen sowukda entäp ýörme. Ol ýeňil eklenjiň yzynda kän entedi.

3 • 

eňek   n. chin.

1 •  Ol elini eňegine diredi. ~ süňki

2 •  öz eňegiňe tutmak ol duran bir ~ ~ atmak eňegiňi basmak ~ bermezlik eňegiňi galdyrmak eňegiňi eýre bermek eňegine jaň dakylan ýaly

eňmek   v. 1 • to come/go down, descend. basgançakdan aşak ~

2 • to make one's way (to), direct one's steps (to), go down (to), go up (to). Olar bazara tarap eňdiler. They made their way to the market.

3 •  garşydaşlaryň üstüne ~

eňremek   v. to weep, sob, cry. Öýleri ýumrulanlar eňreýärdiler.

gan ~   

eňtermek   v. 1 • to pour out, throw. üstüne suw ~ to throw water on someone.

2 • to beat, thrash, drub. Ol onuň depesine agaç bilen eňterip başlady. She began to beat him with the stick on the head.

1 •  haltany aşak ~

2 •  taşlandylaryň üstüne gum ~

3 •  Ol onuň depesine taýak bilen eňterip başlady.

4 •  Ol sowuk çaly bir demde eňterdi.

5 •  biriniň üstünden gybat ~

epeý   adj. solid, strong, dignified, impressive.

1 •  ~ adam strong/dignified person.

2 •  ~ gürlemek

epin   n. fold, plait, crease, pleat, tuck. köýnegiň ~i gazetiň ~i ~ tutmak to form a pleat.

eplem   n. bend, twist, fold, pleat.

eplemek   v. to fold (single).

eplenmek   v. 1 • to bend (down), bow (down). dört eplenen elýaglyk

2 • to be folded. eplenip ýatmak to twiddle one's thumbs (idiom). eplenen kitap

erbet   adj. bad.

1 •  ~ yssy howa Ol iňlis dilini ~ bilýär.

2 •  Ol gorkudan ~ ses etdi. ~ tolgunmak

3 •  Onuň ýagdaýy ~. özüňi ~ duýmak

erem   n. paradise; Eden. ~ bagy Garden of Eden.

eremek   v. 1 • to melt. Yssyda duran ýag eräpdir. Bizde gar çalt ereýär.

2 • to dissolve. Şeker suwda eredi.

3 •  Owadan gyzy gören ýigit derrew eredi.

eretmek   v. 1 • to melt. suwda duzy ~

2 • to dissolve. Ol gyzyň badyşy meniň ýüregimi eretdi.

söz bilen ~   

ergin   n. solution. Category: chem. suwuk ~ weak solution. goýy ~ strong solution.

erik   [er:ik] n. apricot.

erjel   adj. persistent, insistent. ~ adam persistent person. ~ gyz işe ~ ýapyşmak

erjellik   n. persistence, insistence, persistently. ~ bilen persistently. ~ etmek to persist.

erk   n. self-control, will. Erkime goýuň! Leave me alone! (It's my life)! öz erkine of one's own accord. (özüne) ~ etmek to control (oneself).

1 •  öz erkiňe buýurmak ~ etmek Selbi özüne erk edip bilmän aglady. Är garrasa erki gider,aýal garrasa,görki gider./nakyl/ Özüňe erk edip şu çäregi diňe bäşlik bilen tamamla.

2 •  Ol meni erkime goýmady. öz erkine

3 •  Çagany aglatmada öz erkine göýber,özi oýnasyn. Sen öz erkiňe geldiňmi şu ýerik ýa-da zorlap getirdilermi?

erkeç   n. two-year-old goat; castrated (male) goat.

erkek   n. male. erkek adam man. Erkek! What a man!

1 •  ~ adam ~ mal

2 •  Ol ~ adamdyr.

3 •  bäşýaşar ~ ~ göbekli

erkin   adj. free, independent, without ties. ~ adam independant person. ~ bolmak to be free/independent.

1 •  ~ adam ~ bolmak

2 •  özüňi ~ alyp barmak

3 •  Ol iňlis dilinde ~ gürleýär.

4 •  ~ terjime

erkinlik   n. freedom.

erkli   adj. free, independant. ~ adam independant person.

ermeni   n. Armenian. Category: geogr. Men ~ I am an Armenian. ~ dili Armenian, the Armenian language.

Ermenistan   [Ermenista:n] n. Armenia. Category: geogr.

erte   adv. tomorrow. Bu günki işi ertä goýma. nakyl Don't put off till tomorrow what can be done today! See: ertir.

erte-birigün   [erti-bi:rigün] adj. tomorrow and the day after tomorrow.

erteki1   n. tomorrow's. ~ gün näme boljagy belli däl.

erteki2   n. (fairy)-tale, folk story. halk ~leri folk-stories. arwah-jynly ~ler

~ otarmak   

ertekiçi   n. story-teller. Lit: teller of fairy-tales

ertir   [erti:r] adv. tomorrow, the next day, the day after, morning. ertirki tomorrow's.

1 •  Men ~ duşyşyga barjak.

2 •  ir ~ howa salkyn boldy.

ertirine   [erti:rine] adj. morning's, in the morning, morning. Ol her gün ~ türgeleşik geçýär. ~ guşlar saýraşýar.

ertirki   [erti:rki] adj. 1 • tomorrow's, the next day's. ~ gün tomorrow. ~ nesil

2 • morning. ~ aýaz morning frost. ~ maşyk morning exercises.

Ertirki guýrukdan, bu günki öýken ýagşy. nakyl   -.

ertirlik (nahar)   [erti:rlik] n. breakfast. ertirlik edinmek to have breakfast.

esas   [esa:s] n. 1 • base, frame(work), foundation.

2 • basis, reason, grounds. Näme esasda? On what grounds? hiç hili ~syz without any grounds.

1 •  Saglyk – ýaşaýşyň esasydyr.

2 •  Matematika – takyk bilimleriň esasy.

3 •  Ony tussag etmäge ~ bar.

esasan   [esa:sa:n] conj. generally, usually. Aýdýanyňyz, esasan dogry.

esaslandyrmak   [esa:slandyrmak] v. to substantiate, give proof (of).

1 •  öz pikiriňi ~ to give reasons for one's thinking.

2 •  sungatda täze ugry ~

esaslanmak   [esa:slanmak] v. to base one's arguments/theories, take up one's stand.

esasly   [esa:sly] adj. well-founded, valid, substantiated. ~ netije well-founded conclusion.

esassyz   [esa:ssyz] adj. groundless, baseless, unfounded. ~ maglumat ~ pikir ýöretme

esasy   [esa:sy] adj. 1 • main, principal, primary, most important, basic. esasy maksat primary purpose. esasy mesele main issue. ~ ugurlar boýunça ekzamen tabşyrmak.

2 • general. ~ baza ~ goş

3 • generally, on the whole.

esbap   [esba:p] n. 1 • instrument. ussanyň ~lary repairman's tools. ölçeg ~lary

2 • aid. okuw-görkezme ~lary

3 • clothes, attire, apparel. toý ~lary wedding clothes. ok-ýarag ~lary

4 • utensils. öý ~lary home utensils. atyň esbaby

eser   n. work, play.

1 •  edebi ~

2 •  yşk ~i

esger   n. soldier.

1 •  harby gullukdaky ~

2 •  edebiatyn ~i

esgi   adj. rag, duster, cleaning cloth. ~ bilen aýnalary arassalamak ~ ýaly

esli   adj. multiple, considerable. Biziň şäherden gaýdanymyza ~ wagt geçipdir. Güller ~ ulalypdyr.

essalawmaleýkim   [essalawma:leýkim] n. How do you do? Hello. The younger man initiates the greeting by saying this. The reply is aleýkimessalam.

esse   adv. times.

1 •  Ol menden iki ~ köp işledi.

2 •  girdejiniň ýarym essesini işgärlere paýlamak

eşek   n. 1 • donkey, wild ass.

Usage: music 2 • bridge.

1 •  erkek ~ mada ~ Eşegi ýüke çek, eşek ýüke gelmese, ýüki – eşege. nakyl

2 (swear) •  Ol tüýs bir ~ adam.

3 •  dutara ~ dakmak eşegiň gulagyna ýasyn okan ýaly aç eşege ýük eşekden palan alança görmezlik

eşik   n. clothes, clothing. Eşigiňi çalşyr! Change your clothes! eşigiňi çykarmak to undress, take off one's clothes.

1 •  täze ~ içki ~ daşky ~ler

2 •  gara öýüň eşigi atyň eşigi

eşitmek   v. to hear.

1 •  Ol meniň sesimi eşitdi.

2 •  Biz şeýle boljagyny eşitdik. Men başga bir zat eşitdim.

3 •  saz ~

4 •  Eşidýäňmi!

eşret   n. benefit, comfort. adamzadyň ~i üçin for the benefit of mankind. durmuşyň ~leri the good things in life, material benefits, comforts. Gör, bu nähili ~! Look, how good this is! durmuşyň eşretini datmak to experience the good things in life.

eşretli   adj. blessed, happy, comfortable. ~ durmuş happy life. ~ ülke land of plenty/abundance. ~ günler

et   n. 1 • meat. etli nahary iýmeýän adam vegetarian. ~ üweýän mincer. sygyr eti ~ satýan dükan

2 • flesh, muscle, fat.

Biziň etimiz ýok.   Lit: We haven't got any flesh. We're lean. etden geçip, süňke ornamak eti gaçmak etini iýmek etiňe çykmak agaç et gulak etiňi guratmak dişinde et galmak

etap   [e'tap] n. stage.

1 •  okuwyň başlangyç etapynda täze ~ new stage. Turkmenistan özbaşdak ösüş etapuna düşdi. Mekdep okuwçylary bilen täze,kämilleşdirmek etapyny geçýäris.

2 •  Ýaryşyň birinji etapynda biz öňde bolduk. Geçen etapda biz diňe biçüw işini geçirdik. Estafetanyň her etapynyň öz şerti bar hem öz usuly.

3 •  tussaglaryň etapy Tussaglaryň her etapynda on tussag gelýär.

etçi   n. butcher.

etdirmek   v. to organize, get someone to do something.

etek   n. 1 • skirt. Ol etegini dolduryp alma getirdi. She brought some apples gathered up in the folds of her skirt. Çaga etegini dolduryp alma getirdi.

2 • edge, border. Biziň öýümiz obanyň eteginde erleşýär. Our house is on the edge of the village. Biziň öýümiz kölüň eteginde ýerleşýär.

3 • foot. dagyň eteginde at the foot of a mountain. dagyň etegi

etek alty, ýeň ýedi bolmak   

etegi gitmek   

etegiňe daş salmak   

başyňy etegiňe salmak   

etli   adj. meat. ~ iýmit meaty food. ~ nahar

etli-ganly   [edli-ga:nly] adj. healthy, strong, full-blooded. ~ bolmak to be healthy.

etmek   v. to do, make. arzuw ~ to dream. arz ~ to complain. gulluk ~ to serve.

1 •  Seniň edeniňi menem ederin. Onuň näme edýänini bilýän adam ýok. Sen şu gün sapaklaryňy etdiňmi? Içerde gizlenip näme iş etdiň? Tikin etmek üçin zehin hem höwes gerek.

2 •  telewizor hem radio edýän zawod Men kerpiç edýan kärhanada işleýan. Pagtadan ýüplik edýan zawodda köp işgär bar. Sitroýen,bu maşyn edýan zawod.

3 •  amal ~ Men öz maksadymy amal etdim. arzuw ~ Mugallym uçurumlara täze durmuşda üstünlik arzuw etdi. arz ~ Terbiýeçi Perhadyň ene-atasyna arz etdi. azat ~ Gapana düşen tilkini biz azat etdik. bes ~ Şu bolgusyz gürrüňleriňi bes etmeli. bizar ~ Meni soraglaryň bilen bizar etmede,gidip sapaklaryňy et. dowam ~ Maslahatdan soň ýene işlerimizi dowam etdik. gahar ~ Oglum diýenimi etmänsoň gahar etdim. gulluk ~ Watana gulluk etmek her adamyň borjydyr. güman ~ Agalarym oba barandyr diýip,men guman edýärin. halas ~ Halas ediji oglanjygy ýangyndan halas etdi. hereket ~ Hereket etseň,bereket ýagar. hyzmat ~ Men gelen myhmanlara hyzmat etdim. mejbur ~ Mejbur etmän öz erkine göýberiň. neşir ~ Ýazyjynyň täze kitaby neşir edildi. rehim ~ Özüňden ejize rehim etmeli. syýahat ~ Syýahat etmek üçin biz bar goşlarymyzy taýarladyk. tans ~ Şu gün mekdebiň baýramçylygynda biz tans etduk. tomaşa ~ Täze spektakyla höwes bilen tomaşa etdik. yhlas ~ Yhlas edip işleseň işiň gül bolup güllär. ýagşyly/ ýamanlyk ~ Ýagşylyga ýagşylyk etmek her kişiniň işidir,ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir. gark ~ Bäşim pişigi gark etdi. gurban ~ Biziň kärhanamyz ýetimlere telewizor we magnitofon gurban etdi. gürrüň ~ Joram bilen telefon arkaly gürrüň edip oturdyk. Soraglarymyz bilen mugallymymyzy halys etdik. harç ~ Otagymyza täze öý goş almak üçin köp pullar harç etdik. hezil ~ Çagalar çägäň üstünde oýnap hezil etdiler. mälim ~ Bize täze düzgün etdiler. masgara ~ Sen bizi uly ile masgara etdiň. paş ~ Jenaýatçy paş edildi. puşman ~ Indi öňki eden işlerime puşman edýärin. äht ~ Kyn günümizde biri birimize kömek etjekdigimize joram bilen äht etdik. sübüt ~ Meniň günäsizdigime aklawjy sübüt etdi. täsir ~ Gören filimimiz bize uly täsir etdi. umyt ~ Siz bize kömek edersiňiz diýip umyt edýäris. üpjün ~ Kärhanany gerek gurallar bilen üpjün etdik.

etmiş   n. wrongdoing; fault, blame. Meniň näme etmişim bar? What have I done wrong? Meniň etmişim näme?

etrap   [etra:p] n. district, region, county, area.

1   interj. oh. Eý-waý! Oh no! Eý, oglanlar! Hey, boys! Eý, akmak! Eý, jemagat!

2   n. tanning agent, tannin. ~ gabygy to tan. ~ kislotasy tannic acid. ~ gatygy eýini ýetirmek

eýini ýetirmek 2   

eýini görmek   

eýe   n. 1 • owner, master. ~ bolmak to take possession (of). öý eýesi host(ess).

Usage: grammar 2 • subject (of phrase or sentence).

1 •  Hat eýesine gowuşdy. öý eýesi

2 •  ýurduň eýesi

3 • 

eýeçilik   n. tenure, ownership. ~ etmek to own, have dominion, be master. şahsy ~

~ gözi bilen seretmek   

eýelemek   v. 1 • to occupy, take one's place. öz ýeriýi ~ to occupy a seat, take one's place.

2 • to win. birinjiligi ~ to win the first place.

1 •  Boş otagy men eýeledim.

2 •  Türkmenistany ruslar eýelediler.

3 •  durmuşda öz ornuňy ~ düşewüntli wezipäni ~

4 •  birinjiligi ~

eýelenmek   v. to be captured, be taken.

eýeli   adj. 1 • occupied, taken. Bu ýer eýeli. This place is occupied.

Usage: grammar 2 • having a subject. ~ sözlem sentence with a subject.

eýelik   n. 1 • tenure, ownership. ~ etmek to own, have dominion. hojalyga ~ etmek

2 • be the owner of something. ~ etmek to play the master, lord it (over someone), control.

Usage: grammar3 •  ~ düşüm genitive case.

eýer   n. saddle.

eýeriji   n. follower.

eýerjeň   n. supporter, advocate. ~ sözlem subordinate clause.

eýerlemek   v. to saddle. aty ~ to saddle the horse.

eýerläp münmek   

eýermek   v. to follow, go after. biriniň yzyna ~ to follow someone. göreldä ~ to follow one's example. düzgüne ~ to follow the rules.

1 •  Seniň yzyňa ~ kyn.

2 •  Gowy ýetişýän okuwçylara ~ gerek.

3 •  kanuna ~ göreldä ~ köre-körlük bilen ~

eýesiz   adj. neglected, derelict, deserted. ~ öý deserted house. ~ çaga neglected child. ~ bag Usage: gram ~ sözlem impersonal sentence.

eýgermek   v. to cope (with), manage. işi ~ to manage/handle one's job well. bir işi ~

eýgilik   n. benefit, good. Mundan ~ çykmaz. No good will come of it. eýgilige garaşmak to hope for some benefit. Eýgilikmi?

eýle   n. 1 • like that, as that. Ol ~ däl. It's not like that. ~ zady halamaýarys.

eýläňe geçirmek   

2 • that side. Ol eýlede ýaşaýar. He lives on that side. eýle tarapyna öwürmek eýlesine seretmek

eýle-beýle    ~ diýmek to say something ambiguious. maşynyň eýlesini-beýlesini görüşdirmek Serhetçi pasportyň eýlesine-beýlesine seretdi. Içerde ~ zatlar çaşyp ýatyrdy. Sen ~ diýme.

bir eýlesine, bir beýlesine geçmek   to plead with someone, entreat.

eýleki   pron. other, another. ~ tarapdan on the other hand.

eýlemek   v. to tan. deri ~ to tan the skin.

eýläk   adv. to that side. Olar ~ gitdiler. They went that way. Sen ~ gitme, beýläk git.

eýläk-beýläk   adv. here and there, there and back. ~ geçmek

Eýran   n. Persia. Category: geogr. Usage: arch

adj. Persian, Iranian. Eýran haly Persian carpet(s).

eýranly   n. an Iranian (person). Category: geogr.

eýse   is it not?

eýsem   conj. so, but, then; but not, otherwise.

1 •  Ol ~ gelmezmi?

2 •  Eýsem, bu näme?

eýwan   [eýwa:n] n. veranda, porch.

eýýam   [eýýa:m] n. time, times. gadym ~da in olden times. bu eýýamda

Nuh eýýamynda   

eýýäm   adv. already.

ezber   adj. able, skilful, clever. ~ bolmak be skilful/able/clever. ~ işçi able workman. ~ sazanda ~ eller

ezberlik   n. ability, skill, know-how.

ezenek   n. collar. ezeneginden tutmak to take by the scruff of the neck, to collar. ezenegiňi agdarmak

eziji   n. oppressor.

ezilmek   v. 1 • to get wet/soaked. Men ezildim. I'm soaked. Men ýagyşda ezildim.

2 • to be squashed, crushed, crumpled, mashed. ezilen pomidor squashed tomato.

3 •  ezilen halklar oppressed people. ezilmekden gaçmak

eziş   n. oppression.

eziz   [ezi:z] adj. dear, precious. Ezizim! My dear! ~ dost ~ adam dear person. ~ görmek ~ tutmak

ezmek   v. 1 • to soak, wet. suwda ~

2 • to oppress someone. halky ~

ezýet   n. torment, torture, anguish. ~ bermek to torment, harass. ~ çekmek to suffer.