TÜRKMEN DÜŞÜNDIRIŞ SÖZLÜGY

a
b
ç
d
e
ä
f
g
h
i
j
ž
k
l
m
n
ň
o
ö
p
r
s
ş
t
u
ü
w
y
ý
z

W - w

wada   [wa:da] n. promise. ~ bermek to promise someone. ~ etmek to promise. ~da durmak to keep one's promise.

wadalaşmak   [wa:dalaşmak] v. to arrange, to make arrangements, to agree, to settle. Biz duşuşyk ýeri barada wadalaşdyk. We agreed on a meeting-place. Biz duşuşmagy wadalaşdyk.

wadyrdy   n. noise, din, uproar. Ol jaýdan bir ~ eşidildi.

wagon   [wa'gon] n. Usage: train carriage, Amer car. ikinji klasly wagon second class carriage. ýolagçy ~y ýük ~y asman ýoluň wagony cable car.

wagşy   adj. 1 • predatory, wild. ~ haýwanlar beasts.

2 • brutal, bestial. ~ duşman

wagt   n. time. şu wagtlar these days. boş ~ free time. iş ~y working hours. şu ~ now, at the moment, currently. wagtynda on time, at the appropriate time. ~ynda gelmek to come in time. kabul ediş ~y reception hours, calling hours. ýajkyn ~da in the near future. öňki ~da in the old days. hemme ~ all the time, continually. ~yndan öň prematurely. ~ geçirmek to spend time.

hiç wagt   never.

1 •  ~ hem giňişlik ~ hem şert

2 •  ~ hasabyny ýöretmek Ol birnäçe ~ şäherde ýaşady. Ondan soň bir aý ~ geçdi.

3 •  Meniň işim köp ~y sen geldiň. Şol ~ sen ýokduň. amatly ~da duşuşyk ~ynda

4 •  meniň ýaş ~ym açlyk ~lary öňki ~da

5 •  orak ~y üzüm ýygnalýan ~y ekiş ~y iş ~y

6 •  gyş ~y ýaz ~y

7 •  Bize gaýtmaga ~ boldy. Maňa dil öwrenmäge ~ ýetdi.

~ bermek   to give time. (Sen maňa naharlanmaga wagt ber.)

~ tapmak   to find time. (Wagt tapyp, sen şu kitaby oka.)

bir ~da   once. (Ol bir wagtda üç işi ýerine ýetiripdir.)

hiç wagt   never. (Ol hiç wagt ýalan geplemändir.) ýerli ~ bilen

wagtal-wagtal   adj. sometimes, at times, now and then, now and again. ~ ýagyş ýagýar

wagtlaýyn   adv. 1 • temporary(ly), provisional. ~ iş temporary work. ~ ylalaşyk interim agreement. ~ gelmek to come for a while. ~ pul bermek to lend money.

2 • temporal.

wagtlyk   adv. time. birnäçe ~ for some time. uzak ~ for a long time.

wagyz   n. exhortation, admonition, sermon. ~ etmek to exhort, to admonish, to preach.

1 •  See: wagyz; nesihat. ~ etmek Garry öz agtyklaryna edepli bolmagy ~ edýärdi.

2 •  dini ~ etmek bir teklibi ~ etmek

wah   interj. Oh no!; Alas! (archaic). ~, saňa näme boldy? ~, meniň ýadymdan çykypdyr.

waharman   [waharma:n] n. a type of melon similar to a honey-dew melon, only large, green, with faint yellow stripes. waharman melon. ysly ~

wajyp   [wa:jyp] adj. 1 • important. Agyz suwy - ~ mesele Drinking water is an important issue. ~ meseleler hot issues.

2 • essential, fundamental.

1 •  ~ wezipeler Arassa agyz suwy - ~ mesele Meniň üçin iňlis dilini öwrenmek ~ mesele.

2 •  ~ amallar dindäki ~ amallary berjaý etmek

wajyplyk   [wa:jyplyk] n. importance, vitality, necessity, actuality. meseläniň wajyplygy importance of the topic. Terbiýäniň wajyplygy öz-özünden düşnükli.

waka   [wa:ka:] n. 1 • event, incident. syýasy ~ taryhy ~ historical event.

2 • anecdote, incident. gyzykly ~ amusing incident. garaşylmadyk ~

waleýkimessalam   [wa:leýkimessala:m] n. How do you do? The older man replies saying this. See: essalawmaleýkim.

walla   interj. truly!; really and truly! ~, men saňa näme diýjegimi bilmedim. ~, muny men saňa nädip düşündireýin?

walýuta   [wal'ýuta] n. hard currency. See: daşary ýurt puly. altyn ~

wanna   ['wanna] n. 1 • bath. ~da ýuwunmak gün ~sy

2 • bathroom. ~da yra anyp dur.

warak1   n. page, leaf. See: sahypa. Bu kitap ýüz ~ eken.

warak2   adv. out of order, broken down. ~ maşyn ~ araba waragy çykan (halys könelişen) (waragy çykan maşyn)

wariant   [wari'ant] n. See: şapsy.

wasp   adj. description. wasp etmek to depict. Ol söýýän gyzyny ~ edip, goşgy ýazdy.

watan   n. home country, fatherland, motherland.

1 •  meniň ~ym ~a bolan söýgi

2 •  Kaspi deňzi gara işbiliň ~ny. Ýüpegiň ~y Hytaý.

watançylyk   patriotism. ~ borjy ~ duýgusy

watandaş   n. fellow countryman. Lit: person from the same home-country (fatherland) Ol meniň ~ym. He's from the same country as me.

watanperwerlik   n. patriotism. Şahyryň ~ joşguny bar.

wawwaly   adv. sensitive, painful. ~ mesele

waý   [wa:ý] interj. oh, ah, ow, ouch!; oops! ~, agyrýa-la! Ouch, it hurts! ~, bu ýylany halyna waý! woe!

we   conj. Usage: used mainly as coordinating conjunction and. studentler ~ mugallymlar gyzlar ~ oglanlar we şoňa meňzeşler etc., and so on.

wehim   n. fear. Bu ýerde ýylan barlygy bizde ~ döretdi. Here the fact that there were snakes created fear in us.

wejera   [wejera:] adj, adv. shameful, disgraceful, infamous, ignominious. ~ iş shameful action. ~ bolmak to disgrace oneself. ~ etmek to disgrace, defame, discredit, to put to shame.

1 •  ~ etmek Gyz bu ýigidi ~ etdi. Ol başlygyň üstünden düşüp, ony ~ etdi.

2 •  ~ iş ~ hereket

3 •  ~ bolmak ~ bolup gaçmak Onuň üst-başy ýyrtykdy, ~ bolup barýardy.

wekil   [weki:l] n. 1 • representative, spokesman. ~ ibermek to send a representative.

2 • envoy. ynanylan ~ plenipotentiary.

1 •  ~ ibermek Maslahata her welaýatdan üç ~ geldi.

2 •  ynanylan ~ işleri wagtlaýyn ynanylan ~

3 •  halk ~leri Halk Maslahatynyň ~leri

4 •  ol uruş nesliniň ~i metbugat serişdeleriniň ~leri bilim pudagynyň ~leri

5 •  Allanyň ~i Pygamberiň ~i

wekilçilik   [weki:lçilik] n. ~ etmek to represent. BMG-da ~ etmek See: wekillik.

wekilhana   [weki:lha:na] n. embassy. iňlis ~sy

wekillik   [weki:llik] n. representation. Sen kime ~ edýärsiň?

welaýat   [wela:ýat] [wela:ýet] n. province, state, region, county. Türkmenistanda bäş ~ bar.

weli   [weli:] n. 1 • prophet, seer. Usage: religious Oňa ~ler pata beripdirler. Ol Haka ýakyn duran ~ bolupdyr.

2 • wise man. ~ adam Özüni bilen ~. nakyl

weli   conj. 1 • however, but. Ol geldi ~, sen ýokduň. He came but you were not here.

2 • then.

2 • even though.

3 • as soon as. Biz bardyk ~, olar gitdiler.

welilik   [weli:lik] n. 1 • prophecy, oracle, foresight. ~ satmak to prophesy, to predict, to foresee.

2 • sainthood.

1 •  ~ derejesine ýetmek

2 •  Ol ~ bilen aýdypdyr. ~ etmek ~ satmak (hemme zady bilen bolmak)

welin   [weli:n] conj. 1 • but, however, and yet. Ol ~ hiç zat diýmedi. He, however, didn't say anything.

2 • then.

3 • still. 7 ýaşapdyryn welin Aşgabadyň 29-njy mekdebine eltipdirler "şuny bir adam ediň" diýip. Still, I was 7, so they sent me to Ashgabat school no. 29, saying, 'Turn him into a man.'.

welosiped   [welosi'ped] n. bicycle, bike.

wepa   [wepa:] n. faithfulness, devotion. wadada ~ bolmak

wepadar   [wepa:da:r] n. faithful one. ~ öz söýgiňe ~ bolmak ~ dost See: wepaly.

wepaly   [wepa:ly] adj. Usage: to somebody faithful, devoted. ~ dost faithful friend.

wepalylyk   [wepa:lylyk] n. faithfulness, loyalty, devotion. watana ~ devotion to a country. Ýbraýym Hudaýa wepalylygyň nusgasyny görkezen adam bolupdyr. Abraham was a man who displayed an example of faithfulness towards God.

wepasyz   [wepa:syz] adj. faithless, disloyal, unfaithful. ~ ýoldaş

wersiýa   ['wersiýa] n. version. See: çaklama.

wessalam   [wessala:m] interj. that's enough!, that'll do! ~, iş tamam that's end of the work. Sen şu ýüki oňa eltip ber, ~.

wesýet   n. 1 • will, testament; legacy.

2 • exhortation.

1 •  kitaby söýmegi ~ etmek

2 •  dini ~

wesýetnama   [wesýetna:ma] n. will, testament (in written form).

weteran   [weter'ran] n. veteran. urüş ~y veteran of war. zähmet ~y veteran of labour.

weý   interj. (expr. surprise) oh!, oh, really! ~, sen onyň syrkawdygyny bileňokmy? oh!, don't you know that he is ill?

weýran   [weýra:n] adj. destroyed, demolished. ~ etmek to destroy. Ýer titreme şäheri ~ etdi. The earthquake destroyed the city. ~ bolmak to collapse. Wagt geçmegi bilen jaýlar ~ bolupdyr.

wes-weýran   [wes-weýra:n] adv. Sil bu obany bütinleý ~ edipdir. See: weýran.

weýrançylyk   [weýra:nçylyk] n. damage. Sil köp ~ getirdi.

wezipe   [wezi:pe] n. 1 • position, post. Usage: job ýokary wezipäni eýelemek to hold a high post.

2 • task, duties. kyn ~ difficult task.

1 •  ýokary wezipäni eýelemek kiçi ~de işlemek müdirlik ~si

2 •  Seniň wezipäň çagalaryň arassaçylygyna seretmek. Seniň wezipäň gelen myhmanlary garşy almak bolar.

3 •  Biziň öňümizde jogapkärli ~ durýar. kyn ~ nobatdaky ~ler

wezipeli   [wezi:peli] adj. having a job/post. ýokary ~ high-ranking, holding a high post.

wezir   [wezi:r] n. vizier, high official. high official in some muslim countries. patyşanyň ~i

wezir-wekil   [wezi:r-weki:l] n. patyşanyň ~leri

wäh   interj. I wonder! (expr. surprise). ~, bu senmi?

wäk   interj. oh! (expr. pain). ~, elimi döwdüň!

wäşi   n. joker. ~ adam

wäşilik   n. jokiness. ~ etmek Ol wäşilige salyp, garşydaşynyň gaharyna üns bermedi.

wideo   n. video. ~ kasseta video cassette.

wideokamera   [wideo'kamera] n. video camera, camcorder.

wilka   ['wilka] n. 1 • fork. ~ bilen iýmek to eat with a fork. See: çarşak.

2 • plug. ştepsel ~sy two-pin plug.

wiý   interj. oh! (expr. surprise). ~, görmändirin! oh, I haven't seen you.

wiza   ['wiza] n. visa. ~ uzaltmak to extend a visa. See: ejaza.

1 •  Başlyk arzanyň ýüzüne ~ goýdy. Başlyk dokumente ~ goýdy.

2 •  daşary ýurda girmäge ~ almak ~ uzaltmak

wokzal   [wok'zal] n. station. demir ýol ~y railway station. deňiz ~y port arrival and departure building. See: menzil.

wraç   n. doctor, physician. See: lukman. ~ aýal woman doctor. harby ~ medical officer, army surgeon. weterinar ~ veterinary surgeon. diş wrajy dentist. ~ çagyrmak to call a doctor.

wraçlyk   n. profession or work of a doctor. ~ etmek to work as a doctor. ~ käri See: lukmançylyk.

wyždan   [wyžda:n] n. conscience, sense of right and wrong. ~y bar adam ogurlyk etmez ~nyňy satmak

wyždanly   [wyžda:nly] adj. conscientious, honest. päk ~ ynsan

wyzzyldamak   v. to hum, buzz, drone. Arylar wyzzyldaýarlar. Bees hum.

wyzzyldy   n. Usage: insect hum, buzz, drone. arylaryň ~sy hum of the bees.

wznos   n. payment, fee, due. agzalyk ~y See: töleg.