TÜRKMEN DÜŞÜNDIRIŞ SÖZLÜGY

a
b
ç
d
e
ä
f
g
h
i
j
ž
k
l
m
n
ň
o
ö
p
r
s
ş
t
u
ü
w
y
ý
z

D - d

-da   [-da:] conj. 1 • and. Aýna-da, Aknur-da iňlis dilini öwrenýärler.

2 • even though. Çagyrsam-da gelmedi. Though I invited her, she didn't come. Sen ýalňyşýaň-da!

dabalamak   [da:balamak] v. to trample (about a camel).

daban   [da:ban] n. sole, dial: heel.

1 •  Dabanyň gyzmasa, bedeniň ýylamaýar.

2 •  Watanyň her ~ ýeri mukaddesdir. ~ azaby dabanyň düşmek dabanyňa köz basylan ýaly bolmak bir depesi, bir dabany degmek

dabara   n. 1 • celebration, festivity, feast. maşgala ~sy family celebration.

2 • exuberant high spirits, excitment, enthusiasm. Ol şol geýimlerli geýnip, dabara bilen klasa girdi. Putting on those clothes, he strode into the class with great show. Ol beslenip, dabar bilen öňe çykdy.

3 • victory, triumph, glory, success. ~ bilen aýtmak to announce sth. triumphantly.

~sy dag aşmak   to become famous.

dabaralamak   v. 1 • to glorify, crown with glory, win fame (for).

2 • to hold someone in esteem, revere, pay/do homage (to). myhmany ~ to do homage to the guest.

dabaraly   adj. 1 • festive, gala, ceremonial,

2 • grand, high. ~ gün gala-day. ~ ýygnak grand meeting. ~ bölým official part, the ceremonies. ~ waka solemn occasion.

1 •  ~ sene

2 •  ~ geçen maslahat ~ kasam içmek

dady-perýat   [da:dy-perýa:t] adv. tears of grief, loud and bitter cries. See: dat; perýat.

dadyrmak   [da:dyrmak] v. 1 • to treat someone (to). ýoldaşyňa ~ to treat one's friend (to). Täze ýetişen miwäni ilki çagalara dadyrmaly.

2 • to encourage someone to taste. naharyň tagamyny ~

dag1   [da:g] n. mountain. dagyň etegi the foot of the mountain. Dagdan belent näme bar? Dagdan arkasy bolanyň daşdan ýüregi bolar. nakyl ~ howasy ~ jynsy dabarasy ~ aşmak

dag2   [da:g] n. stamp, brand. ~ basmak to brand. ýürekde ~ galmak

dagamak   [da:gamak] v. 1 • to disperse, break up, be scattered. Bulutlar dagady. The clouds dispersed. öýli-öýüne ~ to go home.

2 • to be worn out. Onuň köýnegi dagapdyr. His shirt is worn out.

3 • to collapse, be demolished, be destroyed. Jaý dagady. The house fell down. Halta ýarylansoň, tüwi dagap gitdi. Ýel güýçlenende, ümür dagady. Toý sowuldy, myhmanlar öýli-öýüne dagady. Seljuk imperiýasy X111 asyrda dagady. Meniň köwşüm dagady. Giň saraý halys dagapdyr. deregi ~

dagatmak   [da:gatmak] v. 1 • to spread. ekin ekiljek ýere döküni ~

2 • to disperse, break up. Polisiýa demonstrasiýany dagatdy.

3 • to wear something out. Üstünlik getirmänsoň, ol öz komandasyny dagatdy.

4 • to distribute. harytlary ~ to distribute goods.

daglyk   [da:glyk] n. 1 • highlands. Nepal giden daglyk.

2 • mountainous. ~ ýer mountainous area.

dagy   particle. 1 • more; also; other; apart from, else. Bu dagy hic zat! That is nothing! Dagy men ýalan sözläýinmi? Dagy näme! Yes, rather! what else could it be?

2 • and the rest (of them), and the others. Dawut dagy Aşgabatda ýaşadylar.

dagynyk   [da:gynyk] adj. scattered; dispersed, sparse, spread out. Türkmenler ~ ýaşapdyrlar.

~ pikirler   disconnected thoughts.

dahylly   adj. related (to). Bu saňa ~ däl. That's nothing to do with you.

DAI   n. Usage: abbr

dakmak   v. to sew on, fasten, attach. penjege ilik ~ eliňe ýüzük ~ orden ~ at ~

dakynmak   v. to wear, to have on; to put on. äýnek ~ to put on one's glasses. sagat ~ to wear a wrist-watch.

dalaşgär   n. competitor.

dalaşgärlik   n. competition.

dalaşmak   [da:laşmak] v. to be entangled.

damak   n. throat, neck. damak çalmak/kesmek to cut (an animal's) throat.

1 •  Damagym agyrýar.

2 •  ýagly ~

3 •  damagyny çalmak/kesmek ~ dolmak damagyndan zat ötmezlik pagta bilen damagyny çalmak

damar   n. vein, tendon, sinew. Category: anatomy. gan ~y blood-vessel.

1 •  gan ~y nerw ~lary

2 •  ýaşyl ýaprakdaky damarlar ýeňse damary gatamak

damja   n. drop. Olar iň soňky damja ganlaryna çenli göreşdiler. They fought to the last. ýagyş damjasy ýagyşdan gaçyp, ~ uçramak

dammak   v. to drip, fall. Bu ýyl ýagyş dammady. There hasn't been a drop of rain this year.

damak dolmak   to be on the point of tears.

dana   [da:na] n. 1 • wise.

2 • sage. ~ adam Aýdyjy akmak bolsa, diňleýji ~ gerek. nakyl

daň   n. daybreak, dawn. Daň atdy. Morning broke, dawn came. ~ saz bermek daňyňy atyrmak ~ ýyldyzy morning star. ~ şapagy

daňdan   [daňda:n] n. at dawn, at first light, very early.

daňmak   v. 1 • to wrap something around. bagjygyň ujuny ~ galstugy ~

2 • to tie up, bind. mallary ýatagyna ~ ýarany hasa bilen ~ aýagyny ~ ýüpsüz ~ ýaglygy daňmak to put a headscarf on, to tie a headscarf on. Usage: women

daňy   n. 1 • leash, lead, tether. harytlaryň daňysy

2 • bandage. ~ny täzelemek to change the bandage.

3 • skein (bundle of thread or yarn).

daňylmak   v. 1 • to be tied , be tied up, be bound, be done. Galstuk gowşak daňypdar. The necktie is tied up loosely.

2 • to be bandaged. elleri arkasyna daňlan ýesirler

3 • to be packed. Men uzakly gün başlygyň kabulhanasynda daňyldym.

daňynmak   v. to tie (something with), bind (something round). Ol boýnuna ýaglyk daňyndy.

dar   [da:r] adj. 1 • narrow.

2 • gallows. ~dan asmak to hang someone from the gallows.

3 • high. dar ses high voice.

1 •  Häzir ýaşlar örän ~ eşik geýýärler.

2 •  ~ otag ~ köçe

[da:r] 3 •  ~ düşünjeli adam

~dan asmak

daragt   n. Usage: literary tree. nesil daragty family tree.

darak   n. comb. saç daragy ýüň daragy dokma daragy

daraklamak   v. to comb. saçyňy ~ to comb one's hair.

daramak   [daramak] v. to comb.

daramak   [da:ramak] v. to attack, assault. Goýunlara gurt darapdyr. Ol bize örän ýozuw darady. He spoke to us very harshly.

daranmak   v. to do one's hair, comb one's hair.

daraşmak   v. to treat, behave towards someone. ýowuz daraşmak to treat someone severely.

dargatmak   v. to distribute ??

darlyk   [da:rlyk] n. 1 • narrowness, lack of space, smallness, inadequacy. Bu penjek maňa ~ edýär.

2 • narrow-mindedness, pettiness. gözýetimiň darlygy narrowness of outlook. ýüregi ~ irritability.

dartgynly   adj. tense, strained.

dartmak   v. to pull, draw, lay. simi ~ to lay a wire. bir zady dürli tarapa ~ to tug/pull something in opposite directions.

darykmak   [da:rykmak] v. to worry, be/get upset, be/become agitated, to be anxious. Bu zatlar meni örän darykdyrýar. I'm terribly worried about it all. See: gysylmak.

daş1   [daş] adj. far. ~ aralyk ~ ýol (uzak ýol)

daş2   [daş] adj. exterior, external, outside. ~ky gapy external door. tamyň ~ ýüzi Çäýnegiň içi hapa bolsa-da, daşy arassa. Ol ~ çykanda, howanyň sowukdygyny bildi. ~ky gapy daşynda aýlanmak

daş   [da:ş] n. rock, stone. daş etmek do well, do a good job. Usage: colloq Dag görki – daş, ýüz görki – gaş, agyz görki – diş. nakyl ~ ýol ~ asyr ~ kömür çalgy daşy kilogramlyk ~ gök ~ bolmak paltaň ~a degmek

daşamak   v. 1 • to pull, drag. suw ~ to fetch water. haltalary ~ to heave sacks. Usage: colloq el bilen ~

2 • to steal.

3 • to convey, transport, carry, drive, take. maşynly ~ to transport something by truck.

daşary   post. 1 • outside. ~ ýurtly adam foreigner, alien. ~ çykmak to go outside. ~ ýurt foreign country. ~ ýurt puly hard currency.

2 • external, foreign. ~ söwda foreign trade. ~ syýasat foreign policy.

3 • apart from, as well as.

1 •  ~ örän sowuk. ~dan gelýän ses ~ çykmak

2 •  ~ ýurtlar ~ syýasat ~ bazar ~ işler ministrligi

3 •  plandan ~ kadadan ~ adatdan ~

daşaryk   [daşary:k] adv. outside. Ýör daşaryk!

daşky   adj. 1 • outside, external. ~ täsir Adamyň ~ görnüşi içki dpnýäsine laýyk gelip duranok.

2 • foreign. ~ derweze ~ geýim

3 • distant. ~ garyndaş distant relative.

daşlaşmak   v. 1 • to depart, move away (from). kenar kem-kemden daşlaşýardy the shore receded.

2 • to part, separate. Ol ylymdan daşlaşdy.

3 • to digress (from), get too far away. esasy meseleden ~

daşmak   [da:şmak] v. to run over, overflow. Sil suwundan derýalar daşýarlar.

daş-töwerek   post. round, around, about. säheriň daş-töweregi daş-töwereginden aýlanyp durmak to beat about the bush.

daşy   post. exterior, outer layer; (fruit) peel, skin; peelings. daşynda outside. daşyna çykmak to go out.

daşy jäjek, içi möjek   a wolf in lambs' clothing. Category: prov. See: daş.

daşyndan   post. besides, apart (from).

dat   [da:t] n.

datmak   [da:tmak] v. to taste, try. Dadyp göräý! Taste and see! şarpyk ~ yssyny-sowugy ~

dawa   [da:wa:] n. 1 • argument, dispute. Mejlisde hökümet orunlary üçin ~ başlandy.

2 • row, quarrel. Men onuň bilen dawaly. ~ etmek to create a disagreement.

dawaçyl   [da:wa:çyl] n. trouble-maker. ~ adam rowdy/quarrelsome person.

dawagär   [da:wa:gär] n. 1 • plaintiff. ~ bolmak to be a plaintiff.

2 • trouble-maker, arguer, disputant. ~ tarap

dawakeş   [da:wa:keş] adj. See: dawaçyl.

dawalaşmak   [da:wa:laşmak] v. to quarrel, have a row , make a quarrel. biderek zat üçin ~ to squabble. Hemişe dawalaşyp ýörmek gowy gylyk däl.

dawaly   [da:wa:ly] adj. 1 • disputable, debatable, controversial. ~ mesele controversial question.

2 • quarrelsome. ~ gürrüň quarrelsome discussion. men onun bilen dawaly I'm not speaking with him.

daýamak   v. to prop up, shore up. Ol tigrini diwara daýady. He propped the bicycle against the wall.

1 •  üzümleri haçja bilen ~

2 •  Ol tigrini diwara daýady. He propped the bicycle against the wall.

daýanç   n. 1 • support. Ol ~ üçin aýagyny daşa diredi. ~ nokady fulcrum.

2 • pier.

2 • stand-in.

3 • stronghold, bulwark. maşgalanyň daýanjy

daýanmak   v. 1 • to lean (on/against), rest (against). hasa ~ to lean on the staff.

2 • to rely (on). öz mümkinçiligiňe ~

3 • to recover, get/feel better. Üç günden soň syrkaw daýandy.

daýanyşyk   n. support, help. özara ~ etmek

daýaw   adj. strong, strapping, hunky. ~ adam

daýhan   [daýha:n] n. agricultural labourer, farmer, farm-hand, peasant. daýhan birleşigi farmers' association; collective farm. used to be called 'collective farm' or 'kolhoz'.

daýhançylyk   [daýha:nçylyk] n. agricultural labour, sedentary farming. ~ etmek to labour on a farm or in an association of agricultural labourers.

daýy   [da:ýy] n. Usage: maternal uncle.

daýza   n. aunt (maternal).

-de   conj. and, though. See: -da.

degerli   adj. 1 • convincing. ~ deliller convincing evidence.

2 • due, proper. ~ jogap bermek to answer properly/duly.

3 • effective. ~ çäreler görmek to take effective measures.

degirmen   n. mill. suw degirmeni biriniň degirmenine suw guýmak to bring grist to s.o's mill. ~ daş

degişli   adj. 1 • belonging to. döwlete ~ baýlyk

2 • concerning, related to, affecting. Mediniýete ~ meselelere az üns berilýär. tekste ~ soraglar questions related to the text.

3 • appropriate, proper, fitting. ~ çäreler görmek to take appropriate measures.

degişme   n. joke.

degişmek   v. wind someone up. Usage: colloq

degmek   v. 1 • to be worth (see example). Usage: fig Bu kitap okanyňa degýär. This book is worth reading..

2 • to bother, disturb, be affected by. Maňa degme! Leave me alone!

3 • to offend. Kim seniň göwnüňe degdi? Who offended you?

4 • to give someone a good talking to, to tell off. Ýygnakda oňa mazalyja degdiler. He was told off at the meeting.

5 • to joke, have fun, play a joke. birine ~ to play a joke on someone.

namasyna ~   1 •  Çybyk meniň gözüme degdi.

2 •  Ok nyşana degdi. Maňa degme!

3 •  Maňlaýym ýere degdi.

4 •  Onuň çetine degdiler.

5 •  Kim seniň göwnüňe degdi? biri-biriňe ~

6 •  Bu kitap okanyňa degýär. degip geçmek agyr ~ göz ~ göwne ~ janyna ~ ýokuş ~ degnasyna ~

namysyna ~   

dek   post. as, like. bal ~ süýji ýyldyrym ~ çalt

dekabr   n. December. Category: calendar. See: Bitaraplyk.

del   adj. 1 • strange. ~ adam stranger, outsider.

2 • rare, scarce. ~ haryt a scarce commodity.

delalat   [dela:lat] n. support, help. ~ soramak to ask for help. ~ tapmak to find help/support. ~ etmek to help, support.

delil   [deli:l] n. proof, evidence. ~ getirmek to furnish proofs. ~ bolup hyzmat etjek serişde

delillendirmek   [deli:llendirmek] v. to prove, demonstrate, argue, seek to prove. bir zady praktikada ~ to prove something in practice. ylmy esasda ~ to argue scientifically.

dellekçi   n. barber, hair-dresser.

dellekhana   [dellekha:na] n. barbershop, hair-dressers.

dellik   n. shortage, scarcity. käbir harytlaryň delligi scarcity of some commodity.

dem   n. breath. ~ almak to breathe. Ol uludan ~ aldy. demiňi dürsemek bir demde demiňi sanap ýatmak iň soňky demiňe çenli demi içine sygmazlyk demi düşmek deminden sypmak demiňi almazlyk demiňi dürsemek

şol demde   Lit: in that breath at that moment.

demir   n. iron, steel. See: polot. ~ ýol railway. Köýtendagda ~ magdany bar.

demir-beton    ~ duralgasy ~ stansiýasy

demirgazyk   n. north.

demlemek   v. to brew/make/pour tea.

demokratik   [demo'kratik] adj. democratic. ~ respublika democratic republic.

demokratiýa   n. democracy.

demonstrasiýa   [demon'strasiýa] n. 1 • demonstration. ~ etmek demonstrate. ynsan hukuklary ugrundaky ~ uruş hereketlerine garşy ~ etmek

2 • display, show. Täze filmiň demonstrasiýasy boljak. A new film will be shown.

deň   adj. equal, the same. ikisem deň they're both the same. Bu gawunlaryň ikisem ~. ~ göz bilen görmek/garamak ~ garamak ~ şertde ~ ululyk ~ bölmek Oýun ~ tamamlandy.

post. right, precisely, exactly. Ol meniň deňimden geçip gitdi. He went right by me.

deň agramlylyk   balance.

deňemek   v. 1 • to compare. Meni onuň bilen deňeme. Don't compare him with me.

2 • to make equal. girdejini çykdajy bilen ~ to balance income and expenditure.

3 • to try sth. on.

deňeşdirmek   v. to compare, collate. ykysady görkezijileri ~

deňiz   n. sea. Kaspi deňzi the Caspian sea.

deňizçi   n. seaman, sailor.

deňlemek   v. to make something equal, equalise.

deňleşmek   v. to compare (with), compete (with). Hiç kim onuň bilen deňleşip bilmez. Nobody can compete with him.

deňlik   n. equality. güýçleriň deňligi equality of forces. Usage: mathematics ~ alamaty sign of equality.

dep   n. tom-tom.

depder   n. exercise book, notebook.

depderçe   n. small book for keeping records. ýazuw ~si notebook. zähmet ~si work record-card.

depe   n. 1 • hill, knoll, rise, hillock. beýik ~ high hill.

2 • peak, top, summit, hilltop. Biz dagyň depesine çykdyk. We went up to the top of the mountain.

Usage: anatomy 3 • crown; the top of one's head. ~ süňki

4 •  Biziň depämizde guşlar gaýmalaşýar. ~ saçy düýrükmek ~ saçy üýşmek depesi göge ýetmek depesinden sowuk suw guýlan ýaly bolmak depäňden gum sowurmak depesine çykmak

depelemek   v. to tread, crush with feet, run over, trample.

depgi   n. kick. güýçli ~ hard kick.

depgilemek   v. 1 • to kick. Usage: horses

2 • to trample. oty ~ to trample down the grass.

3 • to pound something flat, stamp something down, tread something smooth. ýeri ~ to stamp the soil down.

1 •  bedäni ~ palçygy ~

Usage: horses2 •  ýabyny ~

3 •  adam hukuklaryny ~

depmek   v. 1 • to kick.

2 • to dig. ýer ~ to dig.

1 •  Eşek semrese, eýesini deper nakyl (animal - hoof) Garawul tussagy depdi. (men - foot)

2 •  ýer ~

3 •  Tüpeň göçende, yzyna depýär. (Atylma wagtynda depme. Physics) bir depen ýeriňi depip durmak

deprek   n. Usage: music drum. depregiň sesi

deputat   [depu'tat] n. deputy.

der   n. sweat. dere batmak to break out in a sweat, perspire. ~ dökmek gara dere batmak

derbi-dagyn   [derbi-da:gyn] adv. -. ~ etmek to break something up, rout (an army), defeat someone. Olar duşmany derbi-dagyn etdiler. They defeated their enemy.

dere   n. valley. without water flowing at the bottom, except during sudden rainfall.

deregine   post. instead (of). başganyň ~ işlemek Ýiten kitabyň ~ iki kitap bermeli.

dereje   n. 1 • level, degree.

2 • rank, position, post, level, measure. akademik ~si degree.

3 • category.

4 • situation.

Usage: grammar 5 • voice.

1 •  Onuň aýdýan sözleri bilim derejesini görkezýär.

2 •  Meniň gyzgynym 39 derejä ýetdi.

3 •  alymlyk derejesi

4 •  Biziň gatnaşygymyz ýokary derejede.

5 •  Ol öz derejesini bilýän adam.

6 •  derejä götermek

7 •  sypatlaryň deňeşdirme derejesi işlik derejeleri

derek1   n. news. Geçen uruşda ýiten agamdan hiç ~ ýok. ~ tapmak deregi dargamak

derek2    Category: bot.

n. poplar tree. dik boýly ~ ak ~

derek3   post. instead of, in place of. Oňa derek muny alaý. Take that one instead (of this one).

deri   n. 1 • skin. Category: anatomy. Ir säherdäki şöhle adam derisine peýdaly.

2 • leather. gymmat sütükli ~ ~ keselleri derisi galyň derisine saman dykmak

derlemek   v. to sweat, perspire. Men çaý içip derledim. Aýnanyň ýüzi derläpdir.

derman   [derma:n] n. 1 • medicine. ~ içmek to take one's medicine. ~ bermek to give/administer medicine.

2 • fertiliser. dag howasy jana ~ Seniň her sözüň maňa ~.

dermanhana   [derma:nha:na] n. chemist's (shop), pharmacy, drug-store.

dermanlyk   [derma:nlyk] adj. medicinal. ~ otlar medicinal herbs.

derňemek   v. 1 • to inspect, check, examine. bölümiň işini ~

2 • to investigate, inquire (into). işi ~ to investigate the case.

Usage: grammar 3 • to parse, analyse. sözlemi ~

derňew   n. 1 • assessment, check, inspection, examination, check-up.

2 • inquiry, investigation. Onuň işi derňewde. His case is under investigation. ~ geçirmek to conduct an investigation.

Usage: grammar 3 • parsing, analysis. grammatik ~ geçirmek to parse something grammatically.

1 •  Bu edarada ~ geçirildi.

2 • ?research. ylmy ~

3 •  Onuň işi derňewde. ~ guramalary

Usage: gram4 •  grammatik ~ geçirmek

derňewçi   n. 1 • inspector. Ol maliýe meselesinden ~ bolup işleýär.

2 • preliminary investigator. prokuroryň derňewçisi

derrew   adv. quickly, in no time at all.

ders1   n. subject (for study etc.) derslerine gowy ýetişýän okuwçy

ders2   n. manure. ekinlere ~ bermek

dersi   n. subject, topic.

dert   n. 1 • disease, pain. ~ ýamany - garrylyk. nakyl

2 • difficulty, bitterness, grief. Bu iş maňa ~ boldy. Meniň derdim başymdan agdyk. I am already overloaded. ~ edinmek derdini gozgamak derdini paýlaşmak derdi özüne ýetik

dertli   adj. ill, sick, delicate, sickly. ~ halda in a delicate state. ~ adam

dertsiz   adj. care-free, light-hearted. ~ bolmak to be care-free.

derwaýys   [derwa:ýys] adj. vital, essential, necessary. ~ mesele vital issue, question of vital importance.

derweze   n. 1 • gate. howlynyň ~si

Usage: sports (e.g. football, hockey) 2 • goal. Top ~den geçdi.

derwezeban   [derwezeba:n] n. gate-keeper. Usage: arch

derwezeçi   n. goal-keeper.

derwüş   n. dervish - a member of any of several Muslim fraternities vowed to poverty and austerity.

derýa   [derýa:] n. river. Türkmenistanda bäş ~ bar.

desga   [desga:] n. installation, construction, site.

desmal   n. towel.

dessan   [dessa:n] n. Usage: lit dastan. a genre in which an oral epic contains alternate verse and prose. halk ~y legend about a national hero.

desse   n. sheaf; posy, bunch. bir ~ gül a bunch of flowers.

dessine   adj. as soon as, at once. Ol gelen dessine men aýdaryn. I will tell you as soon as he comes.

dessur   [dessu:r] n. custom, tradition. ~ bolup galmak to become a tradition. milli ~

deşik   n. 1 • hole.

2 • cave.

ýeke deşik   cave in a mountain.

3 • burrow.

deşmek   v. to make a hole.

detal   [de'tal] n. part. sagadyň ~lary

deý   post. Usage: colloq as, like.

deýýus   [deýýu:s] n. scoundrel, blackguard, villain.

-dä   intens. too, also. See: -da.

däde   n. Usage: dial father, daddy.

däl   adv. not.

däli   adj. 1 • mad. ~ dälini söýer, molla - ölini. nakyl ~ toýa bolmaz. nakyl

2 • crazy. Men seniň yşkyňda ~ boldum. ~ ýaly

däliremek   v. to lose one's senses, go mad, go crazy, colloq. crack up. Dälirediňmi? Are you out of your senses? Ol heläkçilige döz gelmän däliräpdir.

däne   n. 1 • ear (of e.g. wheat), grain. bugdaý / arpa dänesi

2 • piece. on ~

3 • stone. erigiň ~si stone of an apricot.

däneçilik   n. arable. ~ hojalygy arable farming.

dänmek   v. to abandon, give up.

däp   n. 1 • custom, tradition, usage. Ýaşulyny hormatlamak ~ bolupdyr.

2 • rite, ceremony. toý däbi wedding ceremony.

3 • habit. ~ etmek to get accustomed/used (to), get into the habit of.

däp-dessur   [däp-dessu:r] n. See: däp; dessur.

däri   n. 1 • powder, gunpowder. tüsseli ~ smoking gunpowder. ~ ammary

Usage: dial 2 • medicine. Men ~ içdim.

didar   [di:da:r] n. 1 • face. Usage: fig Men seniň didaryňy görsem.

2 • visit.

dik   adj. sheer, vertical, steep. ~ çyzyk vertical line. ~ durmak to stand.

dikeldiş   n. restoration, reconstruction. ~ işleri restoration work. ~ döwri period of reconstruction.

dikelmek   v. 1 • to be put in an upright position, prop o.s. up (on elbow). ýeriňden ~

2 • to recover, be restored, be resumed. Howa maýlaly bäri bugdaý gün-günden dikelýär.

dikeltmek   v. 1 • to stand something up, straighten something. ýykylan üzümleri ~

2 • to restore, rehabilitate, reconstruct, rebuild, resume. senagaty ~ to revive industry. saglygyňy ~ to recover one's health. diplomatik gatnaşyklary ~ to resume diplomatic relations.

dikmek   v. 1 • to stand (something) up straight. gazyk ~

2 • to plant (a tree). çadyr ~ göz ~

3 • erect (a tent), put up.

dil   n. 1 • tongue. ene dili mother tongue.

2 • language. türkmen dili the Turkmen language. Terjimeçi bolup işlemek üçin dil bilmeli. Joram ene dilinden başka bäş sany daşary ýurt dillerini bilýär.

3 • style. gazet dili newspaper style. Jurnalistikada okaýan talyplara metbugat dilini öwredýärler.

4 • hand, pointer, needle. sagadyň dili the hand of a clock. Sagadyň kiçi dili sagady,uly dili hem munudy görkezýär.

1 •  Meniň dilime kiçijik ýara çykdy. Gyzgyn çaýy ogurtlap dilimi bişirdim. Jigim maňa dilini çykaryp gaharymy getirýär.

2 •  sygryň dilinden taýýarlanan nahar Gepläp bilmeýän çaga yrym edip goýynyň dillinden berýärler. Sygyryň dilinden delikates sowuk naharlar taýarlanylýar. Dograma edilende gaýnadylan kelle,aýagy we dili maýda kesilip salynýar.

3 •  sagadyň dili ölçeýji gurallaryň dili Kile sany tereziň dilinden bilmeli. Kremiliň uly jaňlaryň dillerine ýüp daňyp,jaň kakýarlar.

4 •  ~ tutup getirmek Duşmanlaryň dilini tutup sorag geçirdiler.

1 •  ~ möhüm aragatnaşyk serişdesi

2 •  ene dili türkmen dili çet ýurt dilleri ~ bilimi

3 •  edebi ~ ylmy ~ gazet dili

4 • 

dilçi   n. linguist, philologist. Filologiýa fakultetini gutarýanlar soň dilçi bolup işleýärler. Dilçi bolup işleýänler her diliň usulyny,grammatik düzgünlerini öwrenýärler.

dilden   adj. orally, verbally. ~ aýtmak to tell, say. Hat ýazman habarymy dilden aýtdym. Toý çakylygyny dilden aýtdyk. Bu habar çap edilmän dilden dile geçdi.

dildüwşük   n. plot, conspiracy. ~ guramak to make a plot, plot, conspire. Wezirler patyşany öldürmek barada dildüwüşik guradylar. Organ işgärleri prezidente garşy taýarlanylan dildüwüşigiň üstini açdy. Dildüwüşik geçirmek üçin meýilnama düzdüler.

dileg   n. request, entreaty; prayer. ~ etmek to ask (for). gökdäki dilegiň ýerde gowuşmak Körüň bar dilegi-iki gözi./nakyl/ Meniň dilegimi kanagatlandyrmagyňyzy sizden soraýaryn. Gadyr gijesinde dileg edip oturdyk.

dilemek   v. 1 • to beg, ask. pul ~ Jaý almak üçin karz pul diledim. Ýetim çagajyk ýoldan geçip barýanlardan pul diläp dur. Kitaby okamak üçin diläp aldym.

2 • pray. Hudaýdan uzak ömür ~ Duşmana ölüm diländen,özüňe ömür dile./nakyl/ Baýlyk dilemede,saglyk dile. Her gije Hudaýdan dilegler diläp,gowy umytlar edip ýatýaryn.

3 •  Bazarda bir toklyny bäş ýüz müň manada diledim,ýöne ylalaşmadyk. Sygyry iki milliona diledim,dilän bahamada aldym.

dilewar   [dilewa:r] n. wit. Dilewar adamlar dile çeper bolýarlar. Orator adamlar dilewar bolýarlar. Dilewar bolmak üçin gepe çeper hem ýiti zehinli bolmaly.

dilim   n. slice, piece. bir ~ gawun a slice of melon. Uly gawundan bir dilim kesip aldym. Saýlamak üçin her matadan bir dilim gyrkyp aldym. Pyrtykalyň dilimini tortyň üstüne goýdum.

dillenmek   v. to start speaking. Ol birden dillendi. He spoke suddenly. Maňa kömek gerekdigine dillendim. Men utanyp hiç dillenip bilmedim. Hemmeler bir bada dillendi.

dilleşmek   v. to make arrangements (with someone about something), arrange, to come to an agreement about. Olar duşuşyk wagtyny dilleşdiler. Oglanlar dilleşip gyzlaryň baýramçylyklaryny gutlap,sowgat berdiler. Joram bilen dilleşip bileje teatra sahna görmäge gitdik. Gizlin dilleşip näme iş etjek bolýaňyz?

dilmaç   [dilma:ç] n. interpreter.

din   [di:n] n. religion. dünýä dinleri

dindar   [di:nda:r] adj. religious. Ol dindar. He's religious.

dini   [di:ni] adj. religious. ~ düşünje religious prejudice.

dinozawr   [dino'zawr] n. dinosaur.

dinsiz   [di:nsiz] n. without religion, atheistic.

diň1   n. 1 • minaret, turret. Osman imperiýasynda uly diňler salynypdyr. Şu wagt öňki asyrlardan galan diňleri we binalary restawrasiýa edilýär.

2 • tower. gözegçilik ~i watch-tower. Gözegçilik diňiň üstünde serhetçi gözegçilik edýär.

3 •  Boksçy garşydaşyny bir urgyda diň-arkan ýykgy. Gaz bilen çişirlen şarymyz diň-göge göterildi.

diň2   n, adv.

diňe   adj. only. Ýaltanyp şu gün diňe bir köýnek tikdim. Çagalary mamalaryna goýup toýa diňe özüm gitdim. Indi meniň pikirimde diňe sen we seniň ýüz keşbiň.

diňlemek   v. to listen (to).

1 •  Babam guşlyk çaýyny içende radio diňlärdi. Ýygnakda edilen işler barada maglumat diňledik. Leksiýany üns bilen diňläp,professoryň soraglaryna jogap berdik. Jenaýat işi diňlenildi we karar çykaryldy.

2 •  aýdym-saz ~

diňleýji   n. listener, hearer, student. zalda oturan diňleýjiler Zaldaky diňleýjiler sahna gutarandan soň ýerlerinden turup el çarpdylar. Dykgatly diňleýjini gözlerinden we ünsünden tanap bolýar. harby akademiýäniň ~si student at a military academy. Medisina institutynyň üçünji kurs diňleýjileri deri kesel hasahanasynda tejribe geçýärler. Aýdyjy akmak bolsa,diňleýji dana gerek./nakyl/

diňmek   [di:ňmek] v. 1 • to calm down. Ejesini gören çaga birden diňdi. Aglaýan çagany diňdirmek üçin ünsini başka zada sowmaly. Oýnawajyň üstünde dawalaşyp duran çagalary hersine başka oýnawaç berip diňdirdim. Ýarawsyz çaga diňmän aglaýardy.

2 • to become silent, stop, cease. Harasat diňdi. Köçeden gelýan goh-galmagal birden diňdi. Gopan harasat ýuwaş-ýuwaşdan diňdi. Aýdyp duran magnitofon öz-özinden diňdi.

diplom   [di'plom] n. diploma, (first) degree; certificate.

1 •  Men tapawutlanan diplom aldym. I got a first-class diploma. Fizika olimpiadasynda hormat diplomy bilen hormatladylar. Uniwersitetimi gutaryp diplomymy alamsoň öz kärimden işe durjak. Sportsmene dünýa çempiony diplomyny gowşurdylar.

2 •  sergide ~ alan harytlar "Ýölöten 7" sort pagta oba hojalyk sergisiniň diplomy bilen hormatlanyldy. Sergide diplom alan suratlar we şekiller görkezildi.

3 •  ~ işi graduate work. Meniň ýazan diplom işimiň temasy,biziň ekologiýa bolan zyýanymaz. Biziň baş laborantymyz kandidatlyk diplomyny goraýar.

direg   [di:reg] n. support, prop, stronghold. Meniň diregim ýok. I have no support. Halklar arasyndaky dostluk parahatçylygyň ~i. Friendship between peoples is a stronghold of peace.

1 •  miweli agaja ~ etmek Täze jaý gurulanda gapy we penjiräň ýerini oňarmak üçin direg pürsini goýýarlar,soň üstünden kerpiç örýärler. Gyýşaran haýata direg uryp dikeltdik. Ýaş üzüm nahallara direg etdik.

2 •  Meniň diregim ýok. Halklar arasyndaky dostluk parahatçylygyň ~i. Dogan dogana direg bolmaly. Hakyky dost kyn günüňde direg bolar.

direksiýa   [di'reksiýa] n. the management. Direksiýanyň buýrugy boýunça ýowar geçirdik. Mekdep direksiýasynyň ýygnagynda täze mekdep meýilnamasy kabul edildi. Kärhananyň direksiýasy sagat bäşde ýygnak geçirjek.

direktor   [di'rektor] n. director, manager. edaranyň ~y See: ýolbaşçy.

direlmek   [di:relmek] v. to be resurrected, resuscitated, rise from the dead, come back to life. Gark bolan adamy suwdan çykaryp emele usul bilen dem berensoňlap täzeden direldi. Operasiýa wagty ýüregi duran hassa elektro zarýäd berip direltdiler.

ölüp direlmek    Zenan maşgala dünýä täze jan indirmek üçin bir ölüp direlýär.

diri   [di:ri] adj. alive, living.

1 •  Terrorçy ~ ele düşdi. ~ galmak to survive. Awto heläkçilikde bäş adamdan birisi diri galdy. Duşmany diri ele almaly diýilen buýruk geldi. Öli arslandan-diri syçan./nakyl/

2 •  ~ şaýat Uruş weteranlary şol geçen günleriň diri şaýatlary.

dirižýor   n. conductor. horuň ~y choir-master. orkestriň ~y ~yň taýajygy

dirilik   [di:rilik] n. living. dirilik suwy water of life, water that resuscitates. Gyzgyn sährada ~ alamaty ýokdy. Tokaý ýangyndan soň gum-gukluk,,janly-jandar ,dirilik alamatlary ýok ýalydy. Selbiniň zähresi ýarylyp ýüzünde dirilik alamatlary ýokdy.

diriliş   [di:riliş] n. resurrection, revival.

disk   n. disk, disc, discus. zyňylýan ~ discus. kompýuter diski

diş   [di:ş] n. 1 • tooth. alyn ~ler front teeth. Çaga ~ çykdy. Dişimde deşik bolup agyrysyna çydaman lukmana gitdim. Çagalara birinji bilen alyn dişleri çykýar. Kiçi çaga birinji dişleri ýaranda agyr geçirip keselleýärler.

2 •  byçgynyň dişi Uly agajy uly dişli byçgy bilen kesdik. daragyň dişi Dellekçiň her-hilli daraklary bar ,maýda dişli hem iri dişli. çarhyň dişi dişiňi görkezmek Maňa azgyrylyp jogap berýäň welin dişiňi görkezip başladyňmy? dişiňi gyjamak Gaharym gelsede entek dişimi gyjap ýörin. dişiňi gysmak Köp geplemede dişiňi gysyp otur. dişiň ötmez Bu işlere seniň dişiň ötmez,güýjüň ýetmeýär. dişiňi dökmek Çagalar ene-atasynyň diýenini etmän dişlerini dökdüler. dişiňi çarhlamak Kakamyň saňa gahary gelip dişini çarhlap ýör. dişinde et galmak dişiňi bejertmek to have dental treatment. dişiňi sogurtmak to extract a tooth. dişiňi çalmak Jigim gije ýatanda dişini çalýar. dişiňi çalmak Aryny aljak bolup esli wagt bäri dişini çalýar. dişiň kirini açmak Uzakly gün dişimiň kirini açmadym,oturyp indi nahar iýeýin. diş-dyrnak bolmak Şu günki işimi hem gowy etjek bolup ,hem gutarjak bolup diş-dyrnak boldum. dişden-dyrnaga çenli ýäraglanmak Garakjylar dişden-dyrnaklaryna çenli ýaraglanan kerwene çozdular. dişiňi gamaşdyrmak Limonyň turşulygyndan ýaňa dişim gamaşyp dur. diş arasyndan syzdyrmak Gepleşesi gelmän iki sözi zordan diş arasyndan syzdyrdy.

dişemek   [di:şemek] v. to sharpen. byçgyny ~ to sharpen the saw. Ussa byjgyny dişäp agajy kesdi. Ussa oragy dişäp çykdy.

mama dişän    Agajumanyň bar ýüzi mama dişän ýaly,mama yzdan dolydy.

dişlem   [di:şlem] n. piece, bite. bir ~ çörek a piece of bread. BIr dişlem çörek ýere gaçypdyr. Bir dişlem kökä dügündim. Bir dişlem çörek öz dört aýakly dostum Reksa berdim.

dişlemek   [di:şlemek] v. to bite. Işlemedik dişlemez./nakyl/ Gaharyň gelse,burnuňy dişle./nakyl/ Almadan dişläp aldym. Dodagymy seresapsyzlykda dişläp aldym.

diliňi dişlemek    Köp geplemede diliňi dişläp otur.

hyrçyňy dişlemek    Soňynda ökünip hyrçyňy dişläniňden peýda bolmaz.

dişli   [di:şli] adj. 1 • toothed, having teeth. gyzyl ~ adam a person with golden teeth. Nirede sen meniň uzyn saçly,hünji dişli söýgülim? Mamamyň garrap dişleri dökülip indi protez dişli. Haýwanat bagynda uly dişli krokodil gördik.

2 • toothed. ~ çarh cog-wheel. Bar kütek dişli gurallarymyzy dişedik. Ýiti dişli oraga elimi kesdirdim.

dişsynçgar   [di:şsynçga:r] n. toothpick.

diwan   [di:'wa:n] n. sofa, settee, couch; divan, sofa-bed. can be put down in order to be used as a bed. diwanyň üstünde oturmak

diwar   [di:wa:r] n. wall. Howlynyň daş töweregine diwar galdyrdyk. Ýowarda kärhananyň diwaryny agartdyk. Mekdebiň diwar gazetinde ökde okuwçylaryň sanawyny görkezipdirler. diwara aýtmak Saňa bir zat aýdanyň diwara aýdanyň ýaly,diýenimi edeňok.

diýar   [diýa:r] n. land, country.

diýişmek   v. to tell one another. Arada biz bu meseläni diýişdik,ýöne ýene-de ýatladasym gelýär. Diýmesiziňi diýişip soňynda ötenç soranyňdan,ilki oýlan. Diýişip ,artykmaç aýdylmasyz zatlary aýdyp otursaň gelşiksiz bor. Joralarym bilen ilki läle kakdyk,soňra matal diýişdik.

diýmek   1 • v. to say, tell.

adv. so. Pagta planymyzy doldyk diýmek bolar. Hemme zatlary saňa diýmek gerek,özüňden su zatlary bilseň bolýara. Ilki diýip,soňra pikirleneniň bolanok.

2 • adv. So..., That is to say... Diýmek, sen maňa ynanaňok-da? So, you don't believe me? Diýmek,sen indi gitjekdä? Diýmek,sen bu işleri kyn görýäň? Diýmek,menlik indi işiň ýok?

3 • adv. then?to call, name; aux v = intention; participle; to mean.

1 • v. Näme ~ isleýäň? Men saňa diýjegimi diýdim.

2 • v. Men bu işi taşlasam diýýärin.

1 • v. Dimek, sen bulardan arylmaky-da? Dimek, biz gij galarys.

dodak   [do:dak] n. lip(s). Operasiýada syrkawyň ýirik dodagyny plastik hirurg bejerdi. Türkmen dili sapagynda dodak çekimlileri sanap geçgik. Şerabaydodagyma degirip goýdum. dodak gitdi bazara Merdanjygyň diýeni edilmänsoň,gözine ýaş aýlap,dodak gitdi bazara.

doga   [doga:] n. 1 • amulet, talisman, charm, spell. ~ dakynmak to wear an amulet. ~ etmek to charm, put a spell on. Howpdan gorar ýaly molla maňa dakynmana doga ýazyp berdi. Ogulnäzik ýoldaşyna şerap içmez ýaly doga etdi. Gülşiriniň boýnynda dowasy bar eken.

2 • prayer. ~ okamak to pray. Mamam irden turanda hem agşam ýatjak wagty doga okap ýatýar. Täze lşe başlaňda gowy diledler edip doga okasaň işiň şowuna bolar. Gije düşürgäp turamda bilýän dogalarymy okap,ýene-de ýatdym.

dogan   n. 1 • sibling i.e. brother or sister. aýal dogan (married) sister. gyz dogan older sister. uly dogan older brother; older sister. Menden uly iki sany erkek doganym bar. Menden uly gyz doganym meniň joram ýaly,bar syrymy şoňa aýdýaryn. Aýal doganymyň iki sany çagasy bar.

2 • older man.

1 •  Biz bäş ~.

2 •  Türkler biziň doganymyz.

3 •  Dogan, gel, meniň ýerimde otur! ~ okuşmak Gyw aýal dogan,dukan nirede ýerleşýärkä? Dogan,Selim agalaryň salgysyny beräýdä? Men dostum bilen dogan okuşdum.

doganoglan   n. cousin (father's side). doganoglan gyz female cousin (father's side). Kakamyň doganynyň çagalary meniň doganoglanlam. Meniň doganoglanlarym kakama,Oraz däde dýuýärler. Kakamyň ýegenleri maňa doganoglan,ejemiň ýegenleri çykanlarym bolýar.

dogduk   n. birthplace. Towşana dogduk depe./nakyl/ Turkmenistan meniň dogduk mekanym. Ýüregiňe iň ýakyn dogduk mekanyň bolýar.

dogluş   n. birth. Täze bolan jigime dogluş hakynda şahadatnama aldym. Biziň ýürdumyzda çaga dogluş peselýär. Çaganyň dogluşy barada biz adam sapagynda geçdik.

dogmak   v. 1 • to rise. Gün dogýar. The sun is rising. Aý dogdy,ýöne bulutlardan ýaňa görinmeýärdi. Gün entek dogmaka biz ýola düşdik. Zöhre ýyldyzy dogdy.

2 • to be born. kem ~ to be premature. kem dogan çaga premature baby. Gelnejem üç oguldan soň gyz dogdy. Üçünji otagdaky ene entek doganok. Şu on çaga bir eneden dogan çagalar.

dograma   n. dograma. lamb broth with bread croton mainly eaten at gurban bayram. Dograma tagamly bolar ýaly çöregi ýaglap bişirmeli. Türkmenleriň tagamly naharlarynyň birisi dograma. Dograma malyň kelle -aýagyndan we petir nany maýda dograp taýarlanylýar.

dogramak   v. to slice. Salada pomidory,hyýary,kelemi,sogany maýda dogradym. Dograma dogramak üçin barymyz bir saçagyň başyna üýşdik. Çorba nany dograp iýdim.

dogruçyl   adj. 1 • honest, straightforward. ~ adam an honest person. Dogruçyl adam diňe hakykaty aýdar. Dogruçyl garaýyş garany,agy,ýagşyny,ýamany saýgarar. Dogruçyl häsiýetli adamdan hiç wagt ýalan söz eşitmersiň.

2 • sincere, real, truthful. ~ beýan etmek to expound sth. truthfully. Şaýat dogruçyl görkezmelerini beýan etse köp soraglar çözüljek. Çagalaryň dogruçyl bolar ýaly ilki öziň dogruçyl bolmaly. Ak ýürekden edilýan niýetler-dogruçyl niýetlerdir.

dogrudan   adv. rightly, really, in fact. Ol dogrudan hem syrkaw. He is really ill. Dogrudanam,sen şu wagt Aşgabatdan gelip durşyňmy? Dogrudan aýdaňda men entek bu işe başlamok. Dogrudan-da seniň ýaňky aýdanlaryň çynmy?

dogrulamak   v. 1 • to straighten. simi ~ to straighten the wire.

2 • to direct, turn, aim, level.

1 •  düşegi ~

2 •  nyşana ~

3 •  ýoly dogrulap gitmek

dogrulyk   n. 1 • accuracy. terjimäniň dogrulygy accuracy, correctness of the translation. ~ bilen edilen iş Zähmet sapagynda mugallym tikin eden göni tikinimiziň dogrulygyny barlady. Gazetiň redaktory tekstiň dogrulygyny barlady. Garalama ýazylan sapagy dogrulygyny barladyp,depdere göçürdim.

2 • in the right. öz dogrulygyňy subut etmek to prove that you are in the right. Öz dogrulygyňy sübüt etmek üçin faktlara esaslanmaly. Gudrat öz dogrulygy bilen klasdaşlarynyň arasynda tapawutlanýar. Soraga dogrulyk bilen jogap bermeli.

dogry   adj. correct, right. dogrusynda about.

1 •  ~ çybyk ~ çyzyk Çatyryklarda sogulman dogry ýol bilen gidiberseňiz mekdebe bararsyňyz. On iki çöp oýuny oýnamak üçin bir sany uly dogry taýak,on iki sany kiçiräk çöp gerek. Ýaýyň egri bolsada,okyň dogry bolmaly.

2 •  Onuň aýdýany ~. ~ düşünje Siziň aýdanlaryňyzy biz dogry hasaplaýarys. Dogry gepliň dosty ýok./nakyl/ Hakykady aýtmak-dogry zatlary aýtmakdyr.

3 •  ~ ýazmak meseläni ~ çözmek Mugallym doskada meseläniň dogry çözülişini görkezdi. Dokladyň ýalňyşlaryny düzedip,dogry ýazdym. Edilen işler hakyky maglumatlara dogry geldi.

4 •  ~ adam ~ iş ~ tapmak Dogry adamyň iň halamaýan gylyklaryň birisi ýalan sözdir. Daýanjyň aýdýan sözleri işine dogry gelýär.

dogulmak   v. to be born. doglan gün birthday. Ol uruş başlananda doglupdyr. Şu gün bir enäň çagasy perdede doguldy.

perdede dogulmak    Meniň elmydama edenim ugryna bolýar,perdede dogulanym ýaly. Durmuşda öz ýeriňi tapmak ,öz halkyňa ýürekden hyzmat etmek bagtly bolyp dogulmakdyr.

dogurmak   v. to give birth. çaga ~ Usage: arch

doguş   n. 1 • rising, rise. günüň dogşy sunrise. Günüň doguşy Hudaýyň tebigatda döreden iň ajaýyp peýzajlaryň birisi. Täze aý doguşyny goreňde ýüzüňe sylmaly.

2 • birth. çaganyň dogşy birth of a baby. Çaga doguşy badyna ene süýdini emip bilýär. Çaganyň doguşy,enesiniň sesini saýgaryp bilişi bu gudratdyr.

dok   adj. full, satisfied.

1 •  Men dok. I've had enough. Mallara imini suwyny berdim,olar dok. Gundakly çaga dok bolsa,hiç ýeri agyrmasa ýatýar. Men nahar iýjek däl,men dok.

2 •  ~ däne Dokuň açdan habary ýok. / nakyl/ Şu ýyl ýygan bugdaýymyz dok,hem hasyly gowy. Gara günewakar çigitler dok bolýar. Hasyly gowy almak üçin dok bugdaý ekmeli.

dokalmak   v. to be woven, be knitted.

dokamak   v. to weave, knit. haly ~ to weave a carpet. Halyçy gyzlar haly dokaýarlar. Ketenini dokamak üçin dokma guralda dokamaly. Eken orar,dokan geýer./nakyl/

dokladçy   n. reporter. See: nutukçy. Dokladçy ýygnaga geçirilen işler barada doklad taýarlady. Dokladçy doklad taýarlamak üçin bar degişli bolan maglumatlary ýygnady.

dokma   n. (weaving) loom. ~ dokamak to weave a carpet.

~ senagaty ~ gurallary Dokma gurallarynda haly,keteni kanwa we tawta dokalýar. Ahal welaýatynda uly dokma fabrigi açyldy.

~ dokamak Dokma dokamak biziň ata-babalarymayzdan gelýär. Dokmany dokap gutaranyňdan soň,kesmeli. Dokmany kesen wagtyň yrym edip maňlaýyňa dokalýan ýüpden daňmaly.

dokmaçy   n. 1 • weaver. Biziň fabrigimizde hem dokmaçy ,hem tikinçi gyzlar bar. Dokmaçylar trikotaj,ýüplük dokaýarlar. Dokma trikotaj zawodynda dokmaçylar işleýärler.

2 • textile-worker. ~ zenan Dokmaçy gelin-gyzlar halylaryny sünnäläp dokaýarlar.

doktor   ['doktor] n. doctor. ylymlaryň ~y PhD, 'Doctor'. mal doktor vetinery surgeon, vet.

dokument   [doku'ment] n. document. ~ etmek to document.

1 •  döwlet dokumenti Ýylyň soňunda hasabat dokumentlerimizi barlap,,jemläp baş hasapça tabşyrýarys.

2 •  Meniň sürüjilik hukugyma degişli ~ Şu jaý meniň hususy eýeçiligimde durandygyny sübüt edýän dokument.

3 •  Magtymgulynyň döwründen ~ az galypdyr. See: subutnama; şahsyýetnama.

dokuz   num. nine.

dokuzlyk   n. the nine of ... kerpiç ~ the nine of diamonds. ~ kart

dokuzynjy   num ord. ninth.

dolama   n. dolma. stuffed vine/cabbage leaves. Toýa kelemiň içine üwelen et salyp kelem dolamasyny taýarladyk. Dolama bişirmek üçin,hamyry ýuka ýaýyp et salanyňdan soň dolap,bişirmeli. Üzümiň ýapyraklary ýaşka ýygyp gyşda dolama etmek üçin gapýarlar.

dolamak   v. to roll, wrap.

1 •  çagany gundaga ~ Çagany dolap daşaryk alyp çykdyk. çüýşe gaplaryň daşyna kagyz ~ Bägülleriň daşyna folga doladyk. Sowgadyň daşyna kagyz doladyk,soňra bant edip daňdyk. Nany saçaga salyp dolap goýdum.

2 •  Halyny hem palasy dolap goýsaň, ýerişi döwülmeýär. Tomusda dolap goýulan keçeler gyşda ýazylýar. Kagyzy dolap çüýşäň içine saldyk. Mamam namazyny okanyndan soň namazlygyny dolap galdyryp goýär.

3 •  mallary yzyna ~ Gün ýaşmaka çopan sürini yza dolady Ýolda tupan turup,kerweni yza doladyk. maşyny çepe ~ Gidip barýan adamy yza dolamak üçin uly sebäp gerek. Uly ýoldaky birinji çatyrykdan saga dolanmaly.

4 •  Häzir hojalygyňy ~ alada boldy. Uly maşgalany dolamak üçin uly girdeji gerek.

5 •  gürrüňi başga ýana ~ Mesele çürt-kesik goýulmaz ýaly gürrüňi başga ýana doladym. Gürrüňi başga ýana dolamada soraga dogry jogap ber.

dolandyrmak   v. 1 • to get someone to come back.

2 • to regulate, rule, govern.

1 •  Bu gykylyk ony yza dolandyrdy. Çykyp giden doganymy yzyna dolandyrmak üçin yzyndan gygyrdym. Ýatdan çykan zatlarymy almak üçin taksini yzyna dolandyrdym. Sürini oba tarap dolandyrdyk.

2 •  Ol uly edarany dolandyrýar. Prezident uly döwleti dolandyrýar. Uly kärhanany dolandyrmak üçin akylly başly ýolbaşçy gerek.

3 •  öz hojalygyňy ~ Maşgala guraňsoň öz hojalygyňy öziň dolandyrmaly. Hojalygam kiçijik döwlet,dogry dolandyrmasaň hojalyk dargaýar.

dolanmak   v. to return, come back. yzyna dolanyp gelmek to come back again.

1 •  Ýüp tigiriň daşyna dolanypdyr. Kemput iki gat kagyza dolanypdyr. Nanly saçak dolanman açyk galypdyr. Hamyryň daşy ýyljajyk edilip dolanypdyr.

2 •  possuna dolanyp oturmak Gyş günleri pejiň ýanynda ýyljak ýorgana dolanyp ýatýarys. Çopanlar oduň daşynda ýyly possunlaryna dolanyp oturdylar.

3 •  syýahatdan öýüňe ~ köçäniň çatrygyndan yzyňa ~ Ýazan hatymyň salgysy dogry ýazylman üç günden soň yzyna dolanyp geldi. Işim ugrykman yzyma dolandym. Köp ýyllardan soň çagalyk döwüriň geçen ýerleriňe dolanmak uklap ýatan duýgularyňy oýarýar.

4 •  Maşyn bize tarap dolandy. Batlu barýan maşyn birden saga dolandy. Dogry ýol bilen gitmän çüňkden dolandy.

5 •  Aý-gün dolanyp dur.

dolanyşyk   n. circulation, turnover.

1 •  söwda dolanyşygy trade circulation. Halkyň alyjylyk ukyby pes bolsa söwda dolanyşygy pes bolýar. dolanyşyga goýbermek to put into circulation/operation. Söwda dolanyşyga on million manat pul göýberdik. pul dolanyşygy money turnover. Pul dolanyşygy halkyň üstünden aýlanýar.

2 •  ekin dolanyşygy Saýlama tohum ekseň,gowy suwarsaň ekin dolanyşygyň gowy bolar.

3 •  Dolanyşygyňyz,ýagdaýlaryňyz nähili? Işsiz galanymdan soň dolanyşygym ýaramaz.

doldurmak   v. 1 • to fill out, fill up, fill in.

2 • to carry out, fulfil. plany ~ to fulfil the plan.

1 •  käsäni çaýdan ~ Çopan çaý gaýnadynmak üçin taňkany suwdan doldurdy. Gazany dolduryp nahar bişirdim. Haltany imden doldurdym.

2 •  bazary harytdan ~ Çagalar otagyny oýnawaçlardan doldurdylar. Dermanhanany täze dermenlardan doldurdylar.

3 •  boýun alan borjuňy ~ Şu ýyl galla planymyzy artygy bilen doldurdyk. Pagta planymyzy möhletinden öň doldurdyk.

4 •  anket ~ deklarasiýa ~ Kadyrlar bölümiň işgäri aý dolansoň tabel doldurýar. Maglumaty grafik boýunça doldurdyk. Çaga üç ýaşyny doldurdy. Atam altmyş üç ýaşyny dolduryp ak goýun toýyny etdi. Awçy tüpeňi däriden doldurdy. Okan hatym meniň ýüregimi şatlykdan doldurdy.

dollar   ['dollar] n. dollar.

dolmak   [do:lmak] v. to be filled, be full. Dolýança guýsene! Fill her up!

1 •  Howuz suwdan doldy. Bedireleri suwdan dolduryp goýdym. Güýçli jaladan soň mellek suwdan doldy. Meniň ýazuw depderim doldy.

2 •  Stadion adamdan doldy. Konserdiň başlanmasyna bir az wagt galanda zal adamdan doldy. Ruhnama aýynyň birine mekdep okuwçylardan doldy. Demonstrasiýa geçiriljek meýdança demonstrantlardan doldy.

3 •  Olar bellenen plany doldular. Pagta planymyzy dolmak üçin biz gijämizi gündiz edip işläris.

4 •  Içeri tozandan doldy. Şiriniň gözler ýaşdan doldy. Asmanyň ýüzi bulutdan doldy.

5 •  Meniň ýigrimi ýaşym doldy. Gyzymyň ýedi ýaşy dolanda okuwa gider.

doly   [do:ly] adj. Usage: inanimate full. Awtobus adamdan doly. The bus is full of people. doly bolmak to be full.

1 •  bedre suwdan ~ Saçagyň üsti iýmitden doly. Çäýnek çaýdan doly. Surat albomyň içi suratdan doly.

2 •  Awtobus adamdan doly. Şu gün öýmiz myhmandan doly. Teatyryň içi tomaşaçylardan doly. Meýdança adamdan doly,aýak basara ýer ýok.

3 •  Men Mukaddes Kitaplary ~ okap cykdym. Täze karar bilen biz ~ ylalaşýarys. Gitmeli bolup filimi doly görüp ýetişmedim. Leksiýany doly diňläp,professoryň soraglaryna jogap berdik. Ejemiň soraglaryna doly jogap berdim.

4 •  ~ orta bilim On klasy tamamlap doly orta bilim attestatyny aldym. ~ ygtyýarly wekil Dawaly meseläni çözmek üçin häkimlikden doly ygtyýarly wekil geldi. Matriarhat ýurtlarda aýallar doly hukukly. Täze jaýa göçýänligim sebäpli ýüregim şatlykdan doly.

don   [do:n] n. 1 • long coat, dolman, robe. dolman - a long robe open in front.

2 • shawl, mantle. gyrmyzy ~ Öýlenýän ýigit egnine gyrmyzy don,başyna ak silkme telpek,aýagyna aýnagonç ädik geýdi. Geline keteni bilen çawt don geýdirlip,başyna kürte atyldy.

gazap donuny geýmek    Aýtman gideniňi,kakaň gaharyna gazap donuny geýip otyr.

gara donly bolmak    Sen günäkär,gara donly bolandygyňy boýnuňa alaý.

ajal donyny geýmek    Eden işine namys edip ajal donyny geýipdir.

dony biçilmek    Seniň gelejegiň barada biz eýýam dony biçindik.

doň   adj. frozen. ~ suw ~ et doňuny çözmek Doňduryjydan eti çykaryp doňundan çözmek üçin daşynda goýduk.

doňuny çözmek    Aglap oturan gyzymy köşeşdirip ,öýkesini ýazyp,doňyny çözdim.

doň ýürek    Doň ýürek adamda ,rehim,mähir,muhabbet ýok. Ýeriň doňy çözülmese ekişe başlap bolmaz.

doňdurma   n. ice-cream.

doňdurmak   v. 1 • to freeze.

2 • anaesthetize, give an anaesthetic.

1 •  suwy ~ Süýtden resept boýunça doňdurma ýasap doňduruja salyp doňdurdyk. Suwy doňduryp koktel üçin buz ýasadyk. Et zaýalanmazlyk üçin doňduryja salyp doňdurdyk.

2 •  aýagyňy sowuga ~ Gapyny ýap,doňdurdyň! Daşarda garaşdyryp doňdurdyň.

3 •  bank hasaplaryny ~

4 •  Ol bäsdeşiniň maňlaýyna doňdurdy. Gaharyma maňlaýyňa doňdurmakam git şu ýerden.

doňmak   v. 1 • to freeze, be frozen. Derýa doňupdyr. The river is/has frozen (up).

2 • to harden, set. Ýag doňupdyr. The oil has set.

3 • to freeze, feel cold. Sowukdan ýaňa ellerim doňdy. My hands have frozen from the cold.

1 •  Derýa doňupdyr. Kaspiý deňizi doňup,paromda geçip bilmedik. Daşardaky kyrant akanok,doňupdyr.

2 •  Men sowukdan ýaňa doňdum. Çagalar daşarda oýnap doňupdyr. Elligim öýde galyp ellerim doňdy.

3 •  Maşynyň ýagy doňupdyr. Gyşa alyp goýan ary balymyz doňupdyr. Ýag doňmaz ýaly ýyly ýerde goýmaly.

4 •  Ol bizi görenden doňup galdy. Gorkymdan ýaňa doňup galypdyrn. Doňan ýaly bolup durmada ýöre basymrak.

doňuz   n. pig, swine. ~ eti Doňyz etini musulmanlar iýmeýärler. pork, bacon, ham. ~ ýaly Kasym doňuz ýaly semiräpdir. Häý, sen, doňuz! Doňzuň agy näme, garasy näme. nakyl Doňzy batgada bas. Köprüden geçýänçäň doňza daýy diý./nakyl/ Senä doňuzlygyňy etdiň! Jigim doňuz ýylynda dogulan.

doňuz bolup düşürgemek    Men bu zatlary nädip bileýin,doňuz bolup düşürgäýinmi?

dost   [do:st] n. (male) friend. used by a boy or man of his male friend. Biz üç ~ bolup, kino gitdik. ~ bolmak Gowy dost bolmak üçin diňe begenjini paýlaşman ,kyn gününde birinji bilen kömege gelmeli.

1 •  ~ ýurtlat Biz öz dost ýurtlarymyza kömek etmeli. Turkmenistanyň dost hem goňşy ýurtlary Eýran,Turkiýa,Gazahstan,Özbegistan.

2 •  Dost, maňa kömek etsene! arasyndan gyl geçmeýän dostlar Arasyndan gyl geçmeýän dostlar ,gerek bolsa dostlaryna derek janlarynam bererler. Dost,aragatnaşyk bölümi nirede ýerleşýärkä? Dost – dostuň aýnasy. nakyl Özüňi süýt bilgin,dostuňy gaýmak./nakyl/ Dostuň dost bolsun,hasabyň dürs bolsun./nakyl/

dostlaşmak   [do:stlaşmak] v. to make friends (with). Döwlet bilen Merdan birinji klasda dostlaşdylar. Klasymyza täze gelen oglan bilen biz tiz dostlaşdyk. Çagalar bilen tiz dostlaşyp bolýar.

dostluk   [do:stluk] n. friendship. ~ açmak make friends (with). Daşary ýurt bilen dostluk açmak üçin doly ygtyýarly wekil ugratdylar. Dostluk ömürlik bolar ýaly biri biriňe janyň-teniň bilen wepaly bolmaly. halklaryň dostlugy friendship of peoples. ~ salamy ~ sapary Prezident dostluk sapary bilen Gazahstana gitdi.

dostlukly   [do:stlukly] adj. friendly, amicable. ~ gatnaşyklar Mekdebiň elli ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen duşuşyşyk dostlukly ýagdaýda geçdi. Turkmenistan ähli ýurtlar bilen dostlukly hyzmatdaşlyk saklaýar. Ejem ýogalanda bar işdeşlerim dostlukly duýgudaşlyk bildirdiler.

dostparaz   [do:stparaz] adj. friendly, amicable.

dowa   n. triangular charms, amulets to ward off the Evil Eye.

dowam   [dowa:m] n. 1 • duration, the period during which (smth takes place). ~ etmek to continue, carry on, go on, last. Konferensiýa iki sagatlap dowam etdi. Iş saparymyz bäş günläp dowam etdi. Toý uzak gije dowam etdi.

2 • continuation, sequel. dowamy bar to be continued. günüň ~ymda during the day.

1 •  Ýagyş ~ edýär. Tolkun heniz hem dowam edýär.

2 •  Göreş indi dowam eder. Gürrüňimizi çaý başynda dowam ederis. Gürrüňiň yzyny dowam edip oturma. Başlanan işimizi arakesmeden soň dowam etdirdik. Biz ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzy dowam etdirýäris.

3 •  şu ýylyň dowamynda Şu ýylyň dowamynda bizde köp özgerişikler bolup geçdi. Täze jaýymyzy iki ýylyň dowamynda salyp gutardyk.

4 •  konsertiň ~ Operaň ikinji aktyny antrakdan soň dowam etdirdiler. kitabyň ~ "Oguz ýurdy"romanyň dowamy "Uly göç" romany çap edildi. Filimiň dowamyny täzeliklerden soň görkezdiler.

dowamly   [dowa:mly] adj. long, prolonged, protracted, continuous, ~ el çarpyşmalar prolonged applause. ~ häzirki zaman işligi present continuous tense.

1 •  Ol ~ üsgürýär.

2 •  ~ öten zaman işligi

dowamy   n. continuing, during. Şu romanyň dowamy barmy? Filimiň dowamy ertir görkeziljek. Spektakylyň dowamy arakesmeden soň boljak.

dowar   n. (mixed herd of) sheep and goats. Iri şahly maldan dowar bakmak aňsat.

dowarçy   n. sheep-breeder. Dowarçy mallaryny guýa tarap sürdi. Dowarçy çopanlar bilen mal başyny sanady.

dowarçylyk   n. sheep-breeding. ~ hojalygy

dowul   n. panic, scare. ~ döretmek (turuzmak, etmek) to create/cause a panic. dowla düşmek to be panic-stricken.

dowzah   n. hell.

1 •  O dünýäde günäsizler jennete, günä edenler dowzaha bararmyş. ~ ody Dowzah odynda ýanmajak bolsaň şeýtanyň ýoly bilen ýöreme. ~ azaby Ýaman adam dowzah odynda ýanarmyş.

2 •  Meni bu dowzahdan gutar! Meniň çekip ýören jebirlerim duran bir dowzahdyr. Ýerdäki dowzah-türmedir.

doýmak   v. 1 • to be satisfied, be full, have enough to eat. Men doýdum. I've had enough to eat.

2 • to have enough of someone.

1 •  Çişlikden ~ mümkin däl. Men indi hiç zat iýjek däl,men doýdum. Kim doýmadyk bolsa ýene nahar salyp berjek.

2 •  Ol gaty doýupdyr. Gudrat başlyk bolup işlän döwürinde doýup galdy,geregini edindi.

3 •  Dawa-galmagaldan halys doýdum. Men siziň boş gürrüňleriňizden halys doýdum. Men seniň iňirdiňden doýdum. garny doýsa-da, gözi doýmadyk Sügümsiz adamyň garny doýsa-da,gözi doýanok,açgöz bolýar.

doýurmak   v. to feed someone/sth. until full. garnyňy ~ to eat one's fill. açlary ~

dökmek   v. 1 • to spill, throw; pour away. üstüňe çaý ~ Üstüne gyzgyn çaý döküp aýagyny bişiripdir. Sygyr depip bedredäki sagylan südi dökdi. Galan nahary dökme,itimize bereris.

2 •  ýola çäge ~ Gyşyna maşynlar taýmaz ýaly ýola buz dökýärler. Daýhanlar gowaçalaryň düýbüne dökün dökdüleer. Ýerlere dökün dödüp ekişe taýynladylar.

3 •  mallara ot ~ Mallaryň öňine im dökmesem mäleşip dur. Dukanlara dürli haryt döküpdirler. Daýhanlar bazara dürli gök önümleri döküpdirler.

4 •  Sülçi içerini dökdi. Bar içerini dökdüm,ýöne gapjygymy tapmadym. Çagalar oýnap içerini döküpdirler. Ogry aýnadan girip,öýi döküpdir.

5 •  Bu bedre suw dökýär. Çelek deşilip indi suw dökýär. Şampunyň gawy deşilip,şampun dökýär.

6 •  Watan üçin gan ~ Ikinji jahan uruşda köp adam Watan üçin ganyny dökdi. Der döküp gazananyň halal gazançdyr. Gyzymyň pişijegi ýitende gözýaş döküp oturdy. Ejeme içimi döküp bar syrymy aýdyp berdim. Ýakun adamyňa ýüregiňi dökseň ýüregiň giňeýär.

dökülmek   v. to be spilt.

1 •  Bu ýere ýag dökülipdir.

2 •  Seniň gözýaşyň dökülmesin!

3 •  Jübimdäki ownuk pullar dökülipdir.

4 •  Ýapraklar dökülýär.

5 •  Içeri dökülipdir.

6 •  Talaňçylar gala döküldiler.

dökün   n. fertiliser.

1 •  mineral ~ fertiliser. ~ dökmek to fertilise. ýerli ~ Ekin ekmezinden öň ýeri agdaryp dökün dökmeli. Meýdana dökün dökmek üçin traktory taýynladyk. Güllerimiz gowy öser ýaly mineral dökün bilen dökünleýäris.

2 •  ~ bolup ýatyr Tomus bazarda gök-önümden dökün bolýar. Bahçamyzda tomus aýlary gawun-garpyzdan dökün bolyp ýatýar. Saçagyň üstüni dökün etmek üçin der döküp işlemeli.

dökünmek   v. to pour out for o.s., douche o.s. atyr ~ to put scent on o.s. Ol köp atyr dökünýär. She uses too much scent. Üstüne dökünen atyry iki günläbem aýyrlmaýar. Bilmezlikde üstüme çaý dökündim. Üstüne çorba dökünip egin başlarunu hapalady.

döl   n. Usage: biology 1 • sperm (of a creature); seed (of a fruit/vegetable). Emeli ýagdaýda tohumlandyrmak üçin donordan döl alýarlar.

2 • offspring (of small livestock). dowarlardan ~ alynýan wagt Sygyrymyzyň şu dölini alsak soňra satjak. Dowarlar ýylda bir gezek döl berse,döli iri bolýar.

döndermek   [dö:ndermek] v. 1 • to turn over. beýleki tarapyna ~ to turn from one side to another. Tabadaky bişip duran somsany beýleki ýüzüne dönderdim. çagany arkanlygyna ~ Ýatan syrkawy ýadamaz ýaly beýleki tarapyna dönderdiler.

2 • to turn (into, to), convert (into). suwy buza ~ to turn water into ice. Güýçli aýaz bir gijede derýany buza dönderdi. Gözbagçy elindäki ak kagyzy ak kepderä dönderdi. Tupan turup bar zady harawa dönderdi.

3 • to have someone come back/return. Biz ony ýaramaz pälinden dönderdik. Näme sebäp bilen menden ýüz dönderýärsiň? Azany ýolyndan döndermek sogapdyr. it alan sanaja ~ Möjek toklyny it alan sanaja dönderipdir. ýüz ~

4 •  GIdip barýan pyýadaň yzyndan gygyryp yzyna dönderdik. Kerweni yzyna döndermek üçin yzyndan atlyny ugratdyk. Ýolagçyny döndermek üçin uly sebäp gerek.

dönmek   [dö:nmek] v. 1 • to turn over.

2 • to turn (into), change (into, to). Minutlar sagada döndi. The minutes stretched into hours.

3 • to return, come back. yzyňa ~ to return, come back. Usage: death

~e dönmek   to be finished.

1 •  beýläňe ~ yzyňa ~ Selbijik emeninden soň beýleki tarapyna dönüp ýatdy. Sagadymy ýatdan çykaryp yzyma dönmeli boldum. Maşyn köçäň başyna ýeteninden soň ýene yzyna döndi.

2 •  Minutlar sagada döndi. The minutes stretched into hours. Haçanda birine garaşaňda günüň aýlara dönýär.

3 •  Tamyň içi otly tamdyra döndi. Gorkudan ýaňa ýüzüň ak eskä döndi. Bir az egin-başlaryňy täzele bular şalha döndi! Içeri hapasyndan ýaňa mal ýataga döndi.

4 •  Ol öz pikirinden döndi. Öz beren wadalaryndan diňe namart dönýär. Kyn günüňde dönen dostdan dost bolmaz.

başyňa döneýin    Başyňa döneýin balam,gel meniň gujagyma!

göziňe döneýin    Göziňe döneýin,senden aýlanaýyn çagam!

5 •  buza ~ Sowuk uranyndan soň bar zat buza döndi. Ýaz geleninden soň çöllerimiz gülzarlyga döndi.

dönük   [dö:nük] n. traitor, betrayer. watan dönügi traitor to the state. Sen beren wadaňy unutdyň,sen dönük. Dönük watanyndan dönüp,duşmanlara tarap geçýär. Uruşda dönükleri atýardylar.

dönüklik   [dö:nüklik] n. treason, treachery, faithlessness, betrayal. ~ etmek to betray, be false. Dostuňa dönüklik etmek öz namysyňy basgylamakdyr. Dostlugyň gadyryny bilmeýän dönüklik edýändir. Ol watanyna dönüklik etdi. He betrayed his country. watana ~ high treason. Watana dönüklik etmek öz duzyňa,saçagyňa dönüklik etmekdir.

dördünji   num ord. fourth. ~ gün Thursday, the fourth day.

dörediji   n. 1 • creator, founder, originator. Ol mukam ~ kompozitor. Baletmeýster tans dörediji. Kemine satiriki goşgularyň döredijisidi./sözlükden/

Usage: medical 2 • stimulus. kesel ~ mikroblar Kesel dörediji mikroblar umumy polotenseden geçip bilýär.

döremek   v. to arise, form, come into being. Biziň gözümiziň öňünde täze şäher döredi. Kiçijik odun çöpden uly ýangyn döredi. Mende bir pikir döredi.

döretmek   v. to create, make. maňa garşy döretdiler they rebelled against me. Modelýer täze modelleri döretdi. Men oýlanyp täze keşdäň nusgalaryny döretdim. Bu owadan tebigaty kim döretdikä?

döreýiş   n. creation.

dört   [dö:rt] num. four. iki gözüň dört bolmak Durmuş toýyň bilen gutlaýarys,iki göziň dört bolupdyr. Dört aýakly haýwanlar biziň ýakyn dostlaarymyzdyr. Almany bölüp dörtden bir bölegini aldym.

dörtburçluk   [dö:rtburçluk] n. Usage: mathematics square, quadrangle. göni burçly ~ rectangular.

dörtlük   [dö:rtlük] num. a four. ~ san four. ~ baha four, good (i.e. a grade: four out of five). ~ galoş

döş   [dö:ş] n. Category: anatomy.

1 • chest. ~üne basmak to embrace. ~ gapyrgalary Mal soýulanda birinji bilen bagyr-öýken bilen döş gapyrgalary bişirilýär. Dünýäni sil alsa,guba gazyň döşünden./nakyl/ Syrkawyň döş-kletkasyny rentgen suratyna düşürdiler.

2 • breast. döşüňe orden dakmak Zähmet weteranlaryň döşüne ýolbaşçy orden dakdy. ~ germek Azar berip duran oglanlardan bir gyza döş gerip eýe çykdym.

~ germek    Döş gerip uly geplemekden başka Batyryň işi ýok.

döşüňe urmak    Döşüňe urup men-menleýän işi başarmaýandyr.

döw1   n. giant, ogre; demon. Gadym zaman bir ~ bar ekeni. Oýunda men döwiň rolyny oýnadym.

döw çalmak    Saňa näme döw çaldy? What is the matter with you? ~ ýaly huge, enormous. Döw ýaly äpet adamy gördüm. Meniň doganym işlände döw ýaly işleýär, ýadanynam bilänok.

döw2   n. game, set. bir ~ küşt oýnamak to play one set. Birinji ~ deňme-deň tamamlandy. Bir döw küşt oýnamak üçin joram bilen küşt klubyna gitdik.

döwüň sürmek    Joram bilen bir el küşt oýnamda döwüm sürdi. Soňky döwürde Wepaň döwü sürýär.

döwek   n. threshing. ~ wagty harvest season. ~ döwmek to thresh. döwek döwýän gural threshing sledge

döwekçi   n. thresher.

döwlet1   n. state, government. Türkmenistan döwleti Halk agzybir bolsa döwlet berk bolýär. Döwlet serhetlerini biz berk goramaly. Uly döwlet gurmak üçin akully baştutan gerek.

döwlet2   n. wealth, property. Ol size döwlet arzuw edýär. He wishes you well. Ýagşy niýet,ýarym döwlet./nakyl/ Halal hem yhlas bilen işleseň döwlet tapynarsyň.

döwlet guşy    Meniň başyma döwlet guşy gondy,men bagtly.

döwletara   [döwleta:ra] adj. intergovernmental. Döwletara gatnaşyklarymyzy berketmeli we ýokary derejede saklamaly. Ýylyň başynda uly döwletara gepleşikleri geçdi. Orta Aziýaň döwletlerinin prezidentleri döwletara depleşikleri geçirmek üçin ýygnanşdylar.

döwletli   adj. rich, well-to-do, well-off. ~ adam well-to-do man, man of substance/property. Döwletleli aş üstüne,bidöwlet — käýiş üstüne./nakyl/ Işleseň,gazansaň döwletli maşgala gurarsyň. Alan geliniňiziň aýagy düşsin,döwletlisi bolsun!

döwmek   v. to break.

1 •  şahany egip ~

2 •  çüýşäni ~

3 •  şänik ~

4 •  maşyny ~ telefony ~

5 •  buzda taýyp, eliňi ~

6 •  Ýygnakda ony berk döwdüler.

döwran   [döwra:n] n. merriment, mirth, gaiety. ~ sürmek to have a fun time, enjoy o.s.

döwrebap   [döwreba:p] adj. modern. ~ bina modern building. ~ ýaşamak Ýaşlar garry adamlara görä döwrebap ýaşaýarlar. Döwrebap döredilen eserleri okaňda şol döwürde bolan kynçylyklara düşünýärsiň. Arhitekturanyň nusgasyny öňki döwürden alyp döwrebap nyşanlary bilen bina dikeltdiler.

döwtalap   adj. one who wishes, inclined to. ~ bolmak to be eager, be inclined. Iki agalarymayň birisi ylmy işlerine döwtalap,beýlekisi medisina işlerine. Döwtalap bolmak üçin edýän işiňi ýürekden söýmeli. Dostum bolup geçen wakany döwtalap bilen gürrüňe başlady.

döwük   adj. 1 • broken. ~ maşyn broken car. Motosikletyň tigiri döwük ýatyr. Tikin maşynyň iňesi döwük. Ýöräp gitmesem maşynym şu wagt döwük.

Usage: medical 2 • fracture. eliň döwügi fractured hand. Eliň ýa-da aýagyň döwügini ýerine salyp gips goýýarlar. Döwük-enjigi tebipler ýerine salýarlar.

3 •  Ýola çüýşe döwükleri taşlanypdyr. Kürüşgäň sapy döwük. Döwük metal böleklerini çöpläp metal zawodyna tabşyrdyk. Döwük telewizory bejertmäne ussa berdim.

döwülmek   v. to break up, be broken. Käse döwüldi. The cup broke.

1 •  Araba döwülse,ýalta odun./nakyl/ Oglumyň welosipedi döwüldi,yöne özi bejerdi. Maşynymyz ýolda döwüldi.

2 •  Gaňryman ýüp merdywandan ýykylyp aýagy döwüldi. Sport sapagynda tanapdan ýykylamda elim döwüldi.

3 •  Aýna pökgi degip,aýna döwüldi. Elimden käse gaçyp döwüldi. Stoluň üstünden surat portret gaçyp döwüldi.

döwüm   n. morsel, piece. bir ~ nan Düşürgemez ýaly yrym edip başuja bir döwüm çörek goýýarlar. Ejem çörek bişirende tamdyryň ýanynda durup bir döwüm gyzgyn çörekden suwa batyryp iýýärdik. Kim gyzgyn çörekden bir döwüm iýip gören bolsa hiç wagt şol tagam ýadyndan çykmaýar.

döwür   n. time, period, age, era. gadym dowürlerde in ancient times.

1 •  Uruş döwri açlyk bolupdyr. kommunizm döwri Daş döwüri adamlar iki daşy biri-birine sükäp ot çykarýärdylar. Öňki döwürde maşynlar bolman admlar diňe at ulanýardylar. Uruş döwüri nany gramlap paýok berýärdiler.

2 •  Häzirki döwürde aragatnaşyk örän giňedi. Biz täze döwüre gadam basdyk. Şu döwür kompýüterleşdirilen döwür.

3 •  meniň ýaşlyk döwrüm Meniň okuwçy döwürim mugallymdan otdan gorkan ýaly gorkýardyk. Bu babam döwründe bolan zat.

döwürdeş   n. contemporary; generation. Magtymgulynyň ~leri Magtymguli's contemporaries. Nuh öz döwürdeşleriň arasynda dogruçyl bir ynsan bolupdyr. Noah was the only righteous man in his generation.

dözüm   n. patience, tenacity, endurance, firmness, stableness. ~ etmek to display fortitude/determination. Çaga terbiýelemek üçin dözüm etmeli. Her işde dözüm etseň işiň biter.

dözümli   adj. of great endurance, hardy.

1 •  meselä ~ daraşmak Her näçe meseläň kyn bolsa-da maslahat salyp dözümli daraşsaň biter. Mert bolup kynçylyklara dözümli bolmaly.

2 •  çagany ~ tutmak Özüňden ejize dözümli bolmaly.

döz gelmek   v. to endure, bear, stand. Ol köp kynçylyklara döz geldi. He endured many difficulties. Uly kunçylyklara döz gelmek üçin öz güýjüňe ynam bolmaly. Ýanyňda dost,ýar bolsa kynçylyklara döz gelýäň. Syrkaw güýçli agyrlara döz geldi.

dub   n. oak. ~ jeňňeli oak-grove. Güýz aýlary dub jeňňeli ertekilerdäki ýaly owadan reňklere bürenýär. Iň uly dub agajy biziň köçämizde ösýär. Çagalar ýere gaçan dub gozalaryny çöplediler.

duçar   [du:ça:r] faced with a situation. kynçylyklara ~ bolmak to be confronted with difficulties. Megerem, bu ýigit bir şowsyzlyga duçar gelipdir. Maybe something unfortunate happened to that young man. ~ etmek to make someone face up to (something or some situation). Maşyny duralgada goýman ýolda goýanlygym üçin meni jerimä duçar etdiler. Maşgala başlary ýogalanyndan soň kyn ýagdaýa duçar boldular. Sowet döwleti dagandan soň biz köp özgerişe duçar bolduk.

duhowka   [du'howka] n. oven. gas or electric oven inside a house. Kädili somsany duhowka-da ýa-da tamdyrda bişirseň tagamly bolýar. Biskwit elektro duhowkada gowy bişýär. Towugyň içine sogan,kartoşka,bolgar burçy we alma salyp duhowkada bişirdim. See: tamdyr.

dul   [du:l] n. far end of the room. tamyň duly Öýiň dulunda kürteli täze gelin otyr. Myhmanyň ýeri tamyň dulundadyr. Bagşa gara öýiň dulunda ýer berildi.

duluk   n. cheek. dulugyna urmak to give someone a slap in the face. Gyzymyň sowuga dulugy gyzarypdyr. Kasym gaharyna Kerimiň duluguna urdy. Maral Söhbeti şarpyldadyp dulugyna çekdi.

duman   [duma:n] n. mist, fog. Ir ertir ~ boldy. Irdenden bäri howanyň ýüzi duman. Duman tutup ýol gowy görünmedi. Gözlerimi duman tutup,başym aýlandy.

dumanly   [duma:nly] adj. misty, foggy, fog, hazy. ~ gün

dumly-duş   [dumly-du:ş] n. every corner, everywhere. ~ gum-guklyk ~dan gutlaglar gelip başlady. Sank-Peterburg şäheriniň 300 ýyllygyna dumly-duşdan myhman geldi. Ýetimler öýüne dumly-duşdan kömek geldi. Şu döwür okamaga-da,işlemäge-de dumly-duşyň açyk.

dura-bara   adv. gradually, little by little, slowly, in time, in due. Howa ~ açylyşýar.

duralga   n. 1 • halt, stop. Onuň belli duralgasy ýok.

gämi duralga   port, harbour. Gämi duralgadan gämi entek ugranok. Gämi duralgasynda deňiz syýahata gitjekler gaýmalaşýardylar.

2 • bus-stop. awtobus duralgasy otly duralgasy Biz haýsy duralga ýetip gelýäris? Men indiki awtobus duralgada düşmeli. Otly duralgada on minut durýar.

3 • (car) parking place. Maşyn duralgada maşynyňy goýup tölegini tölemeseň jerime salýarlar. Uly şäherlerde maşyn duralgany merkeze ýakyn edýärler. Biz öz motosikletimizi welosiped we motosiklet duralgasynda goýdyk.

belli duralgasy ýok    Belli duralgasy ýok adamlara belli netijä gelmek kyn.

durmak   v. stand.

1 • to stop. Dur! Stop!

2 • to be (located), to stand. Tereziniň bir taýynda metjit, bir taýynda bolsa aýranly okara duranmyş. A mosque was on one side of the scales, and on the other side a bowl of aýran.

3 • to cost.

4 • to be, exist. Öňde duran wezipeler, edilmeli işler ýeňil--ýelpaý däl. The duties that are before [us] and the jobs that [we] must do are not easy. The vizier of justice, who is given the title "Emiridad", is at the head of the organisation.

Usage: job 5 • to be in the position of.

1 •  Ol barýan birden durdy.

2 •  Gapynyň agzynda ~ bolmaýar.

3 •  Stoluň üstünde kitap durdy.

4 •  häkimiýet başynda ~ bir partiýada ~

5 • 

1 •  Syrkaw ýarawsyzlygyndan ýaňa aýagynda zordan durdy. Aýagyň damary çekse derrew turup dik durmaly. Batly barýan maşyn sakga durdy.

2 •  Nartäç entegem şol duran ýerinde durmy? Betlik eden çaga tamyň burçynda durmaly ýa-da ötenç soramaly. Aýşat gapyň aňarsynda gizlenip durýar.

3 •  Penjiräň öňünde otag gülleri durdy. Bir topbak bolup duran depderlerden ikisini aldym. Gaz plitanyň üstünde duran gazany aşak düşürdim.

4 •  Uly maşgalaň başynda durmak üçin akylly hem paýhasly bolmaly. Mekdep direktory kiçi döwletiň başynda jogapkär bolup durýar. Häkimiýet başynda durmagy isleýänler köp,ýöne başarýanlar az.

5 •  Köçedäki adam agzyna gelenini diýip dur. Duralgadaky oglan maňa seredip dur. Ot henizem ýanyp dur. Çagajyk görkezip duran telewizory elläp dur. Kakam maşyny otlap dur.

6 •  Ol aýak üstünde dur. Men dura-dura ýadadym! arka ~

durmuş   n. life. durmuş toý wedding.

durmuşa çykmak   Lit: to enter into life (for a woman) to get married. See: öýlenmek. durmuşa çykan (gelin/aýal) married (woman). See: öýlenen. durmuşa çykmadyk gyz spinster, single woman, unmarried woman, old maid. See: öýlenmedik. ~ derejesi standard of lifting. ~a geçirmek fulfil, carry out. ~ ýoly course of one's life.

1 •  bagtly ~ agyr ~ Çagalyk döwüriň bagtly we şatlykly durmuşyň birisi. Durmuşyny aňsat we gowy geçirjek bolýan ýaşlaryň köpüsi dogry ýollaryny ýitirýärler. Agyr durmuşda ýaşap gören adam gazanan çöreginiň gadyryny bilýär.

2 •  Durmuşyň öz kanunlary bar. ~ akymy Durmuşyň ajysyny gören süýjüsiniň gadyr-gymmatyny biler. Turkmenistan Garaşsyzlygyny alanyndan soň durmuş şertleri gowylandy.

3 •  Kömür gazýanlaryň durmuşyny söwdagärleriň durmuş derejesi bilen deňeşdirmek mümkin däl. jemgyýetçilik ~y Jeňňeldäki ýaşaýan adamlaryň durmuş derejesi pes.

4 •  ~ gurmak Durmuş gurmak üçin öz taýyňy tapmaly. ~ toýy Gyzyň öýünde bagt toýy,oglan ýerde durmuş toýy edilýär.

~a çykmak    Kürte atynyp durmuşa çykmak her türkmen gyzyň maksady. ~a çykan (gelin/aýal) Durmuşa çykan ýaş gelin uz ýaşynyp gaýyn atasyna çaý demledi. ~a çykmadyk gyz Durmuşa çykmadyk gyz bukja geýim tikip salmaly. Öz çagalaryny durmuşa çykarmak,öýlendirmek,öýli-işikli etmek hemme ene-ataň maksady.

5 • n. ~a geçirmek Maksatlarymyzy durmuşa geçirmek üçin biz köp yhlas etmeli. ~ ýoly Durmuş ýoly näçe agyram bolsa biz şony ýeňip geçmeli.

durmuşy   adj. vital. ~ mesele vital question.

durnukly   adj. firm, stable. See: durgunly. ~ walýuta hard currency. ~ söz düzümleri set expressions.

1 •  ~ adam ~ pikire gelmek

2 •  ~ walýuta

3 •  ~ söz düzümleri

durşuna   adj. whole, as a whole, entirely. ~ ýuwutmak to swallow something whole.

1 •  ~ altyn ~ satyn almak ~ ýuwutmak

2 •  Bu kitaby ~ okap çykdym. Ol ~ öl bolupdyr.

durumly   adj. 1 • durable, firm, lasting, strong. ~ mata durable cloth.

2 • self-controlled. ~ adam self-controlled person.

duruzmak   1 • to stop, make someone stop, pull up. awtobusy ~ to stop the bus. stanogy ~ to stop the lathe.

2 • to put, stand. hatara ~ to line up, put up.

v. 1 •  çagany dik ~ Jigime ýöremäni öwretmek üçin elinden tutup dik duruzdum.